BALKAN WELAÝATY
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.
Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň
welaýat tapgyry geçirildi.
Welaýatymyzyň orta mekdeplerindäki gyzlar gurnaklarynyň
agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa
gatnaşýan gyzlar öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynda
öwrenýän el işlerini hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerişlerini aýdymlarda,
gazallarda, goşgularda wasp etdiler. Dürli el işlerini ýerine ýetirmekde, haly dokamakda öz ukyp-başarnyklaryny
görkezdiler. Saçak bezemekde, unaş kesmekde birek-birekden kem durmazlyga
çalyşdylar. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda tagam taýýarlanylyşy
barada gürrüň berdiler. Aýdyşyklar, nakyllar, gazallar bilen milli tagamlaryň
waspyny ýetirdiler. Özleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän, okamaga,
öwrenmäge giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Netijede, Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň gyzlar
gurnagynyň topary birinji, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň agzalary ikinji,
Gyzylarbat etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary bolsa
üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelän topar onuň
döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.


Ýaşulularyň
halkara güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen dabaralar ruhubelentlige
beslendi. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet weteranlary welaýat
häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilen
bilelikde geçiren dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda
geçirilen aýdym-sazly maslahatda çykyş edenler ajaýyp zamananyň bagtyýar
ýaşulularyny baýramçylyk bilen gutladylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşululara
goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň etdiler. Il sylagly ýaşulular,
mährem eneler özleri hakda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdiler.
Baýramçylyk çäresi Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar bilen
dowam etdi. Onda welaýat medeniýet müdirliginiň, Balkanabat şäher medeniýet
merkeziniň sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň
çykyşlaryna giň orun berildi. Olaryň täze taryhy döwrümizi, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini, dana
gojalarymyzy, mährem enelerimizi wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary
belentden ýaňlandy. Tans, folklor toparlarynyň buýsançly çykyşlary ajaýyp
zamananyň bagtyýar gojalarynyň we eneleriň göwünlerini joşa getirdi, olary
has-da galkyndyrdy.
Dabaranyň dowamynda il sylagly
ýaşululara we kümüş saçly enelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň
taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen welaýat häkimliginiň
guramagynda «Türkmen halkynyň milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen
beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen
maslahata welaýat halk maslahatynyň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş
we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il
sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly çärede Türkmenistanyň Halk maslahatynyň
mejlisinde kabul edilen çözgütler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet
Baştutanymyzyň alyp barýan beýik işleriniň diňe halkyň bähbidine
gönükdirilýändigi barada buýsançly bilen bellenildi. Şeýle-de Watany söýmegiň
beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň Halk maslahatynda eden taryhy
çykyşynda: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany
söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet
çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip,
sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent
mertebedir. Sebäbi kim Watany depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç
eýlär» diýen sözleriniň halkymyz üçin hemişelik ýörelgedigini öwran-öwran
nygtadylar. Döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp gitmekde, dünýä
döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde beýik başlangyçlara
badalga berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden alkyş aýdyldy. Uly ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, döwrümiziň,
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň waspy
şirin owazly aýdym-sazlarda ýetirildi.