Habarlar
24.01.2025

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi şatlyk-şowhuna beslendi. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, dürli öwüşginli baýdajyklar, şarlar, ak öýleriň owadan hatary baýramçylyk meýdançasyna bezeg berip, sahna oýunlary, sport çäreleri dabaranyň şowhunyny  artdyrdy. Hatara düzülen toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlandy.

Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen gutladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwrebap jaýlara göçüp gelen raýatlara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy ýetirildi.

Dabara gatnaşanlar iki sany dört gatly, her biri 32 hojalyga niýetlenen jaýlaryň üç hem-de dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi bilen tanyşdylar.

21.01.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyraga we onuň  tutuş adamzadyň ylham çeşmesine öwrülen döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň kepili bolup, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň ägirt uly ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik akyldaryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, dana şahyryň doglan gününiň  300 ýyllyk ýubileýiniň dünýä boýunça dabaraly bellenilmegi we beýleki çäreler munuň subutnamalarydyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň şöhratly wakalary bilen bilen taryha giren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş bermegi  aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.  Mähriban halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ruhy hazyna bolan kitapda Magtymgulyny öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegiň we öwretmegiň usullary, beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barlan işler öz beýanyny tapýar. Dabarada merdana halkymyza ajaýyp serpaý ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy.

Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerini, parahatçylygy, asuda durmuşy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de beýik söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar belentden ýaňlandy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. 

17.01.2025

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda giňden düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda giň gerim berlen çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz täze taryhynyň her bir ýylyny uly üstünliklere besleýär. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer halkymyzy ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýylyny hem dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan, ynanyşmagy dabaralandyrýan şunuň ýaly döwletli tutumlara beslemek merdana halkymyzyň naýbaşy arzuwydyr. Ýylyň şygarynyň we nyşanynyň, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň çuňňur many-mazmuny muny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Ýazpolat Keriýew hem-de «Adalat» gazetiniň baş redaktory Maksat Nuryýew bu barada giňişleýin durup geçdiler.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler çäräniň tutuş dowamynda joşgunly ýaňlandy.

12.12.2024

          Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesiniň dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk gününiň dabarasy Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi we ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bu ýere ýygnananlary parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, asudalygy dabaralandyrýan ajaýyp baýram bilen gutlaýan buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bitaraplyk ýörelgesine berk eýermek bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda durnukly energetika we ulag ulgamy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär.

Dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, sahna ussatlarynyň çykyşlary alkyşly sözleriň dowamy bolup, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.  Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, halklaryň dostlukly gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýan hemişelik Bitaraplygymyzyň, ösüşiň, beýik özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzyň waspy ýetirildi.

Dabara gatnaşanlar berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzyň ähli etraplardyr şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.

29.11.2024

Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Uly ruhubelentlige beslenen çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açandygy, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändigi we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, olarda baky Bitaraplygymyzyň, eziz Watanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspy mynasyp beýanyny tapdy.