Biz barada

BALKAN WELAÝATY

Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.

Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

Giňişleýin
Habarlar
26.11.2025

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk gününiň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen dabarada Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanmagy bilen, ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Baýramçylyk çäresiniň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, il agzybirliginiň, ýurt asudalygynyň waspyny ýetiren täsirli çykyşlar  baýramçylygy dürli derejeli toý çäreleri bilen garşylaýan halkymyzyň baky Bitaraplygymyza bolan egsilmez buýsanç duýgularynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Soňra dabara «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap toýuň gutly bolsun, jan Watan!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre bilen dowam etdi. Onda halypa aýdymçylaryň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary sungat muşdaklary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, baky Bitaraplygymyzyň waspy ýetirildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Daşary ýurt aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi çäräniň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

Baýramçylyk konsertine gatnaşan sungat wekilleriniň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly ýaňlanan «Bitarap eziz Watan» diýen aýdym halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hem-de ýurt berkararlygyna bolan beýik söýgüsini aýdyň görkezdi

25.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde ýokary derejede guralan Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezdi. Sergi iki goňşy ýurtlaryň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boldy.

 Goňşy ýurduň döwlet we söwda-senagat edaralarynyň, gurluşyk, oba hojalyk, azyk hem-de gaýtadan işleýän hem-de beýleki pudaklarynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň önümleridir işleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geljekde iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy kärhanalarynyň özara gatnaşyklaryny täze taslamalar bilen işjeňleşdirmäge, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga itergi berer. Ýöriteleşdirilen serginiň goňşy ýurduň köpgörnüşli senagat önümleriniň ýurdumyzyň sarp ediş bazaryndaky mynasyp ornuny berkitmeginde we giňeltmeginde, netijede, özara dostlukly gatnaşyklaryň ilerlemeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny  nygtamak gerek.  Dost-doganlyk sergisi  dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylyga, gülläp ösüşe, hoşniýetli goňşuçylyga, halklaryň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Üç günläp dowam eden hem-de goňşy döwletiň eksport mümkinçilikleriniň özboluşly beýanyna öwrülen bu sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny kemala getirmekde ähli tagallalary edýändigini görkezdi. 

21.11.2025

Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Muňa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy. 

         Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler. 

         Dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen bellediler. 

          Medeni çäre türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň, barha  ösýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.

           «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly türkmen-gazak dostluk  aýdym-sazly dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.  

         Şatlyk-şowhuna, egsilmez buýsanja eýe bolan dabara «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

Goňşy döwletden gelen myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik aldylar.

Awaza, Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagydyr.

Giňişleýin

Häzirki wagtda welaýat boýunça 162 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 167 sany mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Balkanabat şäherinde umumy meýdany 8 100 inedördül metr bolan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy gurlup ulanmaga berildi.

Giňişleýin

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda Balkan welaýatynda hem uly işler alnyp barylýar.

Giňişleýin

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär.

Giňişleýin

Häzirki wagtda 20 sany sport mekdepleri we 6 sany sport desagalary hereket edýär. Welaýat boýunça jemi sportuň 30-a golaý görnüşi boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.

Giňişleýin