Habarlar

Awazadaky ajaýyp pursatlar

10.06.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi hem-de Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe günläp dowam eden «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly sungat muşdaklarynda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan gelen, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tans we folklor sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdiler, olaryň gadymdan gelýän däplerini şöhlelendirdiler. Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda, şol sanda festiwala gatnaşyjylarda örän ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle buýsanç duýgulary festiwalyň çäklerinde aýratyn orun alan «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatda hem aýdyň ýüze çykdy. Ýeri gelende aýtsak, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdym we tans dessury halk döredijiligimiziň giň ýaýran, gadymy görnüşleriniň biridir. Baýramçylyklarymyzyň, maşgala dabaralarymyzyň bezegi bolan küştdepdi halkymyzyň kämil pikir-garaýyşlaryny, tämiz duýgularyny, ýokary ruhy galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri parahatçylykly durmuşa çagyrýar. Küştdepdiniň görnüşlerinden tomaşaçylara ýetirilen görkezme çykyşlaryna myhmanlaryň höwes bilen goşulyşmaklary munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

         Festiwalyň çäklerinde geçirilen döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, halk döredijilik, folklor-etnogarfik toparlarynyň çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezmekleri, «Rowaç» gämisinde açyk deňze gezelenjiň guralmagy halkara çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. 

Halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylyp, «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabarada oňa gatnaşyjy döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary arkaly garşylandy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birleşen folklor we tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen küştdepdi tansy şanly ýyla bezeg beren halkara festiwalyň jemleýji çykyşyna öwrülip, dünýä halklaryny dostlukly, hoşniýetli we parahatçylykly gatnaşyklara çagyryşyň mukamy bolup ýaňlandy.