BALKAN WELAÝATY
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.
Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige
beslendi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige
ýugrulan, bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan türkmen diplomatiýasy, bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň
daşary syýasatda durmuşa geçirýän tutumly işleri barada giňişleýin söhbet
edildi.
Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş edenler döwletimiziň
Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm
ähmiýeti barada aýratyn nygtamak
bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, durnuklylygyň
pugtalandyrylmagynda, özara ynanyşmagyň berkidilmeginde, dürli ugurlarda
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde tagallalaryny gaýgyrmaýan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da
belende göterilýändigini, türkmen diplomatiýasynyň dünýä ýurtlarynyň ösüşine,
halklaryň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat edýändigini belläp geçdiler.
Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna
çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda täze
taryhy döwürde ýurdumyzyň durmuşa
geçirýän dünýä ähmiýetli işlerini, baky Bitaraplygymyzy, parahatçylygy,
dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Welaýat
medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda tans hem-de folklor
toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik «Bedew batly at-myradyň mekany — tans,
folklor dessury döwrüň mukamy» diýlip atlandyryldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli
medeniýetimizi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan gelip çykýan wezipelerden
ugur alyp, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligini has-da kämilleşdirmek,
halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş
nesilleriň medeniýete, sungata bolan söýgülerini we garaýyşlaryny ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşige
etrap-şäherleriň tans hem-de folklor toparlary gatnaşdylar.
Balkanabat
şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşigiň şertine
laýyklykda, oňa gatnaşanlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylymyza bagyşlanyp döredilen aýdymly tansy ýerine
ýetirdiler. Folklordan parçalary ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler.
Emin agzalary
bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ukybyna, tansyň milliligine,
folkloryň many-mazmunyna, çykyş edýänleriň egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna we
döwrebaplygyna baha berdiler.
Netijede, tans
sungaty boýunça Gyzylarbat etrabynyň «Misseriýan» tans topary baş baýraga
mynasyp bolmagy başardy. Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk», Türkmenbaşy etrabynyň
«Kenar», Esenguly etrabynyň «Deňiz» tans toparlary degişlilikde birinji,
ikinji, üçünji orunlary eýelediler.
Folklor toparlaryň arasynda baş baýragy
Balkanabat şäheriniň «Şapak» folklor topary eýeledi. Bereket etrabynyň «Bereket
ýaýlasy» folklor topary birinji, Gyzylarbat etrabynyň «Köpetdag» folklor topary
ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Miras» folklor topary üçünji orunlara mynasyp
boldular.
Bäsleşikde öňe
saýlanan toparlara ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik
sowgatlary gowşuryldy.
Hormatly
Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk
we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip
taýýarlanandygyny aýdyp, bu ugurda degişli resminama gol çekmegi aýratyn
ähmiýete eýe boldy. Munuň özi şanly ýylyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk
sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk
assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň şanyna Balkanabat
şäherinde geçirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylygynyň gözbaşyna
öwrüldi.
Hakyky türkmen
toýlaryna mahsus şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen dabaraly çäreler
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň welaýat Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek
bilen garşylanmagy arkaly badalga aldy. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar
belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyran medeni çykyşlarda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik özgertmeleriniň, behişdi
ahalteke bedewleriniň, şanly ýylyň beýik tutumlary taryplandy. Halkymyzyň ýagşy
yrym-ýörelgesine eýerilip, «Galkynyş» toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň
gowşurylmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Şeýle-de, toparyň agzalary bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan milli atçylyk sungatyna, amaly-haşam, el işlerine degişli
sergini synlap, çäksiz ruhy lezzet aldylar.
Şunuň ýaly
täsirli çärelerden soňra toparyň agzalary asman atlaryna deňelen ahalteke
bedewlerine atlanyp, şäheriň döwrebap şaýoly boýunça guran toý ýörişi arkaly
«Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugur aldylar. Ýörişiň dowamynda şöhraty ýedi
yklyma dolan toparyň agzalaryny şaýoluň ikiýan gyrasyny dolduran toý mähellesi
alkyşly sözler, şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Toý ýörişiniň dowamynda
guralan medeni çäreler dabaraly ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatymyzyň
döredijilik tans toparlarynyň gelin edinmek dessuryndan görkezen parçalary, sungat
ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýalary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.
«Türkmeniň ak
öýi» binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabaraly çäreleriň
mazmun baýlygynyň üstüni ýetirip, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan
çäksiz buýsanjynyň, türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny öňküdenem
belende göterýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize bolan egsilmez
alkyş sözleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle
hoşallyk sözleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda dowam eden buýsançly
çykyşlaryň, belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň, ýerine ýetirilen
küştdepdidir gazallaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi. Çykyşlaryň çuňňur mazmunynda
beýan edilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan
üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen
halkynyň milli guwanjy, buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewlerine bolan
nusgalyk söýgi-sarpasynyň miwesidir. Şeýle hormat-sarpa bedewlerimiziň
şan-şöhratyny belende göterip, «Galkynyşy» täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Dabarada «Galkynyş»
toparynyň täsirli çykyşlaryna orun berilmegi aýratyn ýatda galyjy boldy.
Toparyň agzalarynyň çapyp barýan bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine
ýetirýän oýunlary, çalasyn hereketleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň
çykyşlary dowamly ýaňlanan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sungat ussatlarynyň
bedewlere atlanyp, ýerine ýetiren şirin aýdymlary dabaranyň täsirli
pursatlarynyň üstüni ýetirdi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bezeg berýän
çuň mazmunly çäreleriniň hatarynda mynasyp orun alan dabaraly çäreler
welaýatymyzyň ilatynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döwletli tutumlaryna bolan ýürek buýsanjyny ýene bir ýola
tassyklady.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Balkanabat şäherindäki
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde toý
sadakasy berildi.