Habarlar

Bütindünýä saglyk güni uly dabaralara beslendi

07.04.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem ajaýyp hakykaty bolup dabaralandy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar ajaýyp zamanamyzda berkarar döwletimizde toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýandygyny dünýä aýan etdi.

         Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän halkara senäniň esasy dabaraly çäreleri Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly medeni-sport çäreleri ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda belent heňlerde ýaňlanan şirinden-şirin aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Bu çykyşlaryň içinden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň bagtyýar, .eşretli, sagdyn durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri üçin hoşallyklaryňdyr alkyşlaryň eriş-argaş bolup geçendigini nygtamak ýakymlydyr. Baýramçylyk dabaralarynda türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olaryň ýurt we halkara derejedäki ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisi hem guraldy.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berlen ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýörişiň başlanan pursadynda aýdym-sazyň belentden ýaňlanmagynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana uçurylmagy aýratyn ýarda galyjy boldy. Welaýat merkeziniň döwrebap şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýöriş ýurdumyzda welosiped sportunyň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Saglygy berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty wagyz etmekde, ýaş nesilleriň olara bolan höwesini, söýgüsini artdyrmakda örän ähmiýetli bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, tanslar, sport maşklary çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Olarda döwrümiziň, sagdynlygyň, sportuň waspy belentden ýaňlanyp, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyň beýanyny tapdy.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan medeni-sport çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi.