Habarlar

Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

12.05.2026

«Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen hemmeleri gutladylar. Ýerli hünärmenler tarapyndan gurlan ilkinji gäminiň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, suw ýollary arkaly daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere düýpli itergi berjekdigini nygtadylar. Munuň özi ykdysadyýetiň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Maslahatda berkarar Watanymyzy il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilýän ajaýyp mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle hoşallyk sözleri medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlaryna, milli tanslaryna utgaşdy. Şirin aýdym-sazlarda ajaýyp zamanamyzyň taryhy üstünlikleri, bagtyýar durmuşymyz, beýik Garaşsyzlygymyz wasp edildi.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.