Aýdym-sazlar ynsan kalbyna ruhy lezzet paýlaýar, göwünleri ganatlandyrýar.
Ýurdumyzda aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän
bäsleşikleriň many-mazmuny ýylsaýyn artýar. Munuň şeýledigini Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan,
Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry hem aýdyň subut etdi. Welaýat
häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen
bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
bäsleşikde aýdymçy ýaşlaryň eziz Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
döwlet syýasatyny, türkmen tebigatynyň taýsyz gözelliklerini, bagtyýar durmuşymyzy
taryplap ýerine ýetiren häzirki zaman estrada aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet
paýlady. Aýdym-sazyň muşdaklary yzly-yzyna çykyş eden aýdymçylaryň ussat halypa
bagşylarymyzdan miras galan halk aýdymlaryny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgerişlikleriň, güneşli
Diýarymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň barha arşa göterilen
şan-şöhratynyň, päk söýginiň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar alyslara ýaň
saldy. Ýaş estrada aýdymçylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylyny,
dost-doganlygy, asuda durmuşy wasp eden aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Bir
söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýaş zehinli aýdymçylaryň kemala
gelýändigini görkezdi.
Bäsleşikde emin agzalary ýaş
aýdymçylaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna,
ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna
aýratyn üns berdiler. Şeýlelik-de, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýat tapgyrynda Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi
Baýrammyrat Ýakubow hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň
ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Amanmyrat Maýdyýew ýeňiji diýlip yglan edilip,
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň
ýeňijilerine hem-de tapawutlanan zehinli aýdymçylara gymmatbahaly sowgatlar
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşik
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň
sekretariaty tarapyndan guralýar.
Keçe sungatyna bagyşlanan bu bäsleşigiň ýakynda paýtagtymyzdaky
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen döwlet tapgyrynyň birinji
şertinde oňa gatnaşan zenanlar ýüň saýlap almak, boýamak, daramak, pişge
ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Keçe
taýýarlamak üçin gerekli gurallaryň atlary hem-de olaryň ulanylyşy hakda gürrüň
berdiler.
Ikinji şertde keçe sungatynyň ussatlary öz welaýat aýratynlyklaryna görä,
dürli gadymy nagyşlary salyp, keçe güllediler. Olaryň güllän keçeleriniň boýy
1,5 metr, ini 1 metr bolup, «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan»,
«gelinbarmak» ýaly ene-mamalarymyzdan miras galan nagyşlar bilen bezeldi.
Üçünji şertde keçe bilen bagly rowaýatlar, onuň nagyşlarynyň aňladýan
manysy, bu gadymy senet bilen bagly yrymlar hakda gürrüň berdiler. Şeýle-de
bäsleşige gatnaşyjylar öz aralarynda keçe sungaty bilen bagly saýlap alan
ugurlary barada giňişleýin durup geçdiler.
Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň arasynda dürli kärde zähmet çekýänleri bar.
Balkan welaýatyndan Amantäç Bagyýewa Balkanabat şäheriniň Çagalar we
ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisidir. Ol hem keçe sungatynyň
ezber ussatlarynyň biri. Aýsoltan Allagulyýewa bolsa Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň
medeniýet köşgüniň bagşysy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip atlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan
baýram ediljek ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň ähmiýeti örän uludyr. Milli
gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, ony ýaş nesliň arasynda wagyz etmek bilen
gadymy keçe sungatymyzy geljek nesillere ýetirmek bäsleşigiň baş maksadydyr.
Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä,
bäsleşigiň baş baýragyna Balkan welaýatynyň, birinji orna Daşoguz welaýatynyň,
ikinji orna Arkadag şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň, üçünji orna bolsa
Aşgabat şäheriniň, Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň çeper elli zenanlary mynasyp
boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de
gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini
ýüze çykarmakda döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan
etdiler.
Gozgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminiň häzirki sapaly
günlerinde Balkan welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan»
dynç alyş we sagaldyş merkezinde uly adamlar bilen birlikde, bagtyýar çagalar
hem döwrebap dynç alýarlar. Merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly
adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. Bu ýere dynç almaga gelýän
raýatlar, şol sanda çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen
gurşalyp alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny
berkitmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş
ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler döredilendir. Döredijilik
bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň üstünden öwüsýän jana şypaly howa,
baglaryň, gülleriň anbar ysy, tebigatyň gözelligi dynç alýanlarda bu ýere
ýene-de gelmäge höwesi döredýär.
«Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň her
tapgyrynda 100 çaga kabul edilýär. Merkeziň agzybir işgärleri ýaş nesilleriň ýokary derejede dynç almaklary,
wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmekleri üçin yhlaslaryny, tagallalaryny
gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde çagalar kitap okaýarlar, dürli oýunlary oýnaýarlar,
sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, wagtly-wagtyna naharlanyp, kadaly ukularyny
alýarlar. Bagtyýar çagalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny göreniňde,
sagaldyş we dynç alyş merkeziniň işgärleriniň tagallalarynyň ýerine
düşýändigine göz ýetirýärsiň.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomusky dynç alyş
möwsüminde özleriniň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda
döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin raýatlarymyzyň, şol sanda bagtyýar
çagalaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary
egsilmeýär.
Tomsuň gelmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary has
köp bolýar. Gojaman Hazaryň kenaryndaky ajaýyp myhmanhanalar, kottejler
toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu ýere dynç almaga gelýän adamlar
üçin gapylaryny giňden açyp, döwrebap hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki
wagtda dostluk mekany bolan Awaza
tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp kenarda dynç almagy halaýan çagalaryň
wagtlaryny hoş geçirip, saglygyny berkidýän ýerine öwrüldi.
Bagtyýar çagalaryň oňat dynç alýan ýerleriniň biri bolan «Daýanç» sagaldyş
merkezinde hem çagalar alada bilen gurşalýar. Merkezde dynç alyş möwsümine
irgözinden ykjam taýýarlyk görüldi. Şonuň üçinem bu ýerde çagalaryň dynç
almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredildi.
Häzirki wagtda «Daýançda» çagalaryň dynç alşy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde
şu ýylyň dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 280 çaga dynç alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda hem, beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy
ýaly, «Daýanç» sagaldyş merkezinde-de çagalar şatlykly pursatlary başdan
geçirýärler. Kitaphana, suwa düşülýän howuzlar, akwaparklar, amfiteatr, sport
meýdançalary we beýlekiler çagalaryň hyzmatynda. Olar aýdym-saz, döredijilik,
kompýuter gurnaklaryna gatnaşýarlar. Özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeler bilen
meşgullanýarlar, seýilgählere, çüwdürimler toplumyna, gämi muzeýine gezelenç
edýärler. Deňziň kenarynda çägeden dürli keşpleri döredip, birek-birek bilen
bäsleşýärler. Dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň arasynda geçirilýän
bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda çykyş edýärler. Çagalar wagtlaryny şatlykly,
gyzykly geçirýärler. Şu günler Awazada çagalaryň şatlykly gülküleri tomusky
dynç alşyň gyzgalaňly dowam edýändiginiň alamaty bolup ýaňlanýar. Munuň özi
çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrülen berkarar ýurdumyzda
çagalaryň aýratyn
üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýandygyny, olaryň bagtyýarlygy üçin ähli
şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini, hemmetaraplaýyn aladalaryň
edilýändigini aýdyň subut edýär.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň
owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky
tapgyrlarynda öňe saýlanan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Mährem
ejelerimizden, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimiziň esasylarynyň
biri bolan gülli keçelerimiz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Keçelerimizde
halkymyzyň şöhratly taryhynyň many-mazmuny, tebigatymyzyň gözel keşbi...
jemlenendir. Şeýle bolansoň, olar halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, döwürlerden
döwürlere geçip gelýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen keçe
bäsleşiginde-de aýdyň göz ýetirmek boldy.
Milli keçelerimiziň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, ýaşlarda
zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we el
işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar
onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine
ýetirmekde birek-birekden kem durmadylar. Olar ýüňi saýlamagyň, saýmagyň,
daramagyň, boýamagyň, keçe güllemegiň we ony ýasamagyň usullary barada gürrüň
berdiler. Şeýle-de milli aýratynlyklara görä nagyşlary salyp, keçe güllemekde
öz başarnyklaryny görkezdiler. Soňra zenanlar keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary,
rowaýatlary, gazallary aýtdylar. Döwrümiziň, şöhratly ýylymyzyň we ata
Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan, milli
gymmatlyklarymyza nusgalyk derejede hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyny çeper sözlerde
beýan etdiler.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat
şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç
Bagyýewa we Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň
«Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan
Allagulyýewa baş baýraga mynasyp boldular. Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar
bagynyň işgäri Ajapgül Gurbandurdyýewa we şol etrabyň 5-nji çagalar bagynyň
terbiýeçisi Gültäç Kakajanowa birinji, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Abat Mämmedowa we
şol etrabyň Çaloýuk geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Ogulsapar Täçgeldiýewa
ikinji, Gyzylarbat etrap Janahyr bekedi oba medeniýet öýüniň müdiri Gülzada
Şyhdurdyýewa hem-de Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy
Altyn Atanyýazowa üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar
gowşuryldy. Baş baýragyň eýeleri bolsa onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.