Habarlar
26.04.2026

Welaýatymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Welaýat merkezinde guralan baýramçylyk çäreleri dabaraly ýöriş bilen başlandy. Toý ýörişine il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň wekilleri, talyp ýaşlardyr ruhubelent körpeler, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. 

Balkan atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus häsiýete eýe boldy. Bu ýere gelen köp sanly myhmanlar welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan  edebi-sazly çykyşlary bilen garşylandy. Zehinli aýdymçylaryň joşgunly çykyşlary buýsançly göwünleri joşdurdy. Olaryň çykyşlarynda «Garaşsyz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ­— ­be­dew bat­ly at-­my­radyň mekany» ýylynyň rowaç ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  il-ýurt  bähbitli beýik işleri wasp edildi.

Dabaraly çäreleriň dowamynda ýokary derejede ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleri biri-birinden üýtgeşik, gyzykly hem şowhunly pursatlara ulaşdy. Altyganat ak öýleriň daş-töwereginde ýaýbaňlandyrylan göwün göteriji çäreler adamlarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Milli däp-dessurlarymyza eýerilip tutulan ak öýlerde myhmanlara ene  topragymyzdan önýän naz-nygmatlardan hödür-kerem edildi. Bu ýerde amaly-haşam  sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we ýaş suratkeşleriň taryhy ösüşlerimizi wasp edýän suratlarynyň sergilerine uly orun berildi. Baý many-mazmuna beslenen dabaranyň dowamynda guralan çekeleşikli sport ýaryşlary, görkezme çykyşlarydyr milli oýunlar täsirliligi bilen tapawutlandy.

Toplumyň aýdym-saz meýdançasynda guralan dabara «Şöhrat berip bagtyýarlyk döwrüne, nurana ýollara ýalkym bedewim!» diýlip atlandyryldy. Sungat ussatlarynyň, dessançy bagşylaryň joşgunly çykyşlarynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň kitap sergilerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň, gamyşgulak bedewlerimiziň, eşretli durmuşymyzyň waspy mynasyp beýanyny tapdy.  

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Gyzykly we täsirli geçen ilkinji çapyşykda üçýaşar bedewler 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Çapyşykda  A.Mämmetnurowyň hojalygyna degişli Dorhan diýen dor ata taý tapylmady. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralygy öz içine aldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu çapyşykda Melike diýen dor at birinji bolup pellehana gelmegi başardy. Ol «Şadyýan ýollar» hususy kärhanasynyň atydyr. Üçünji çapyşyk dört we ulyýaşar  atlaryň arasynda geçirilip, ol 1800 metr aralygy öz içine aldy. Çekeleşikli geçen çapyşykda Ç.Myratberdiýewiň Gupbaly atly gara aty öňdeligi eýeledi. Dördünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda bolup, ol dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirildi. Onda Balkan atçylyk sport toplumynyň Garabezirgen diýen gara aty pellehana birinji bolup geldi. A.Mämmetnurowyň Gözguwanjym diýen al aty 1800 metr aralykda geçirilen bäşinji çapyşykda öňdeligi eýelemegi başardy.    

Täsirli geçen çapyşyklarda öňdeligi eýelän bedewleriň çapyksuwarlaryna gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

14.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Welaýat medeniýet hem-de welaýat Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň  çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Welaýat döwlet drama teatrynda guralan bäsleşige onuň etrap-şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky aladalaryndan ugur alyp, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgülerini artdyrmak, Watanymyza wepaly edip terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde kalplary eziz Diýarymyza buýsançdan doly körpeler gezekli-gezegine çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt hem-de umumadamzat bähbitli nusgalyk işlerini, eşretli durmuşymyzy, bagtyýar çagalygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny özleriniň döwrebap aýdym-sazlary bilen wasp etdiler.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemi boýunça ýeňiji diýlip saýlanan okuwçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

07.04.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem ajaýyp hakykaty bolup dabaralandy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar ajaýyp zamanamyzda berkarar döwletimizde toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýandygyny dünýä aýan etdi.

         Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän halkara senäniň esasy dabaraly çäreleri Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly medeni-sport çäreleri ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda belent heňlerde ýaňlanan şirinden-şirin aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Bu çykyşlaryň içinden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň bagtyýar, .eşretli, sagdyn durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri üçin hoşallyklaryňdyr alkyşlaryň eriş-argaş bolup geçendigini nygtamak ýakymlydyr. Baýramçylyk dabaralarynda türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olaryň ýurt we halkara derejedäki ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisi hem guraldy.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berlen ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýörişiň başlanan pursadynda aýdym-sazyň belentden ýaňlanmagynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana uçurylmagy aýratyn ýarda galyjy boldy. Welaýat merkeziniň döwrebap şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýöriş ýurdumyzda welosiped sportunyň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Saglygy berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty wagyz etmekde, ýaş nesilleriň olara bolan höwesini, söýgüsini artdyrmakda örän ähmiýetli bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, tanslar, sport maşklary çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Olarda döwrümiziň, sagdynlygyň, sportuň waspy belentden ýaňlanyp, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyň beýanyny tapdy.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan medeni-sport çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

05.04.2026

Balkan atçylyk sport toplumynda geçen ýekşenbe güni ýazky at çapyşyk möwsüminiň badalga almagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dürli derejeli medeni çäreleriniň mazmuny bilen özboluşly sazlaşyk tapdy. Toplumyň girelgesinde giňden ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan düýpli tutumlara bolan il buýsanjyny açyp görkezdi. Welaýatymyzyň aýdymçy-sazandalarynyň, sahna ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplarynyň belent joşguna beslenen täsirli çykyşlary durmuşa geçirilýän beýik tutumlaryň, buýsanjymyz bolan ganatly bedewleriň waspyny ýetirdi. Dürli el işleriniň, at esbaplarynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, zergärçilik, senetçilik sungatynyň, kitap hem-de surat sergileri dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Sportuň hem-de milli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabara gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Keremli türkmen topragynda ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti bilen asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwülen ahalteke bedewlerine bolan çäksiz buýsanjy açyp görkezen täsirli çykyşlardan ruhy lezzet alan bedew janköýerleri soňra dürli aralyklara geçirilen at çapyşyklaryna höwes bilen tomaşa etdiler.

Üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen ýaryş T. Tülegenowyň Dorhan diýen dor atynyň ýeňşi bilen jemlendi. Ol bu aralygy 1 minut 23 sekuntda geçip, janköýerlerini begendirdi. Bu çapyşykda ikinji orny A. Maýjanowyň Senemgül, üçünji orny bolsa Ç.Atakulyýewiň Aýmährem diýen bedewleri eýelediler. Olar bellenilen aralygy degişlilikde, 1 minut 30 sekuntda hem-de 1 minut 31 sekuntda geçmegi başardylar.

Ikinji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1200 metr aralyga geçirilip, çapyşykda T. Tülegenowyň Şahymerdan diýen gara aty 1 minut 22 sekunt wagt görkezip, pellehana ilkinji bolup geldi. A.Atakulyýewiň Orlik diýen al aty 1 minut 25 sekunt wagt bilen ikinji, S. Geldiýewiň Şazada diýen bedewi bolsa 1 minut 26 sekunt wagt görkezip, üçünji orunlara eýe boldular.

Üçünji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar atlar 1800 metr aralyga güýç synanyşyp, onda A. Agasenowyň Garahanjary 2 minut 07 sekuntda pellehanadan geçip, janköýerlerini begendirdi. Pellehana ikinji bolup Dostmämmet diýen gyr at geldi. M. Allaberdiýewiň hojalygyna degişli bolan bedew bu aralygy 2 minut 09 sekuntda geçdi. 2 minut 11 sekunt wagt görkezen Garabezirgen diýen bedewiň eýesi Ç. Atakulyýew üçünji orun üçin goýlan baýraga eýe boldy.

1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 2 minut 08 sekunt wagtda pellehana gelen Myradym diýen dor bedew eýesi Ş. Ödäýewe hem-de janköýerlerine şatlyk getirdi. Bu çapyşykda A. Ýazmyradowyň Garaýeli 2 minut 09 sekunt wagt bilen ikinji, A. Orazowyň Sylap diýen al aty bolsa 2 minut 11 sekunt wagt görkezip, üçünji orunlar üçin goýlan baýraklara mynasyp boldular.

Soňky bäşinji çapyşyk hem 1800 metr aralyga guralyp, bu ýaryşa hem dört we ulyýaşar bedewler goýberildi. Ýaryşda birinji bolup T. Tülegenowyň Gözguwanjym diýen bedewi 2 minut 10 sekuntda pellehana gelmegi başardy. Onuň yzysüre 2 minut 11 sekunt wagt görkezip, M. Allaberdiýewiň Tamaly diýen dor aty pellehanadan geçdi. Üçünji orny bolsa F. Täçmämmedowyň Gadyr diýen bedewi eýeledi. Ol bellenilen aralygy 2 minut 12 sekuntda geçdi.

Çapyşykda öňdeligi eýelän bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara baýraklar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.

25.03.2026

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanyp, welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Ykbalyny ene topraga baglan babadaýhanlar üçin jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň oba hojalygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi.

Maslahatda gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda geçirmekde öňde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Ekişde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak meselelerine üns çekildi. Daýhanlaryň yhlasly, halal zähmeti üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri maslahatyň tutuş dowamynda joşgunly ýaňlandy.

         Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň bereket eçilýän ekin meýdanynda gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara toý ruhuna beslendi. Alty ganat ak öýleriň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, agrosenagat toplumynyň köp görnüşli önümleriniň, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzyň, dürli el işleriniň, neçjarçylyk sungatynyň sergileri, döwrebap şygarlar, ümeçilik däp-dessurlaryny, daýhan durmuşyny beýan edýän pursatlar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Ajaýyp sahnada medeniýet we sungat ussatlarymyzyň giňden ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirip, daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen milli tanslardyr folklor çykyşlarynda Milli Liderimiziň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gazanylýan bedew batly ösüşleriň, bagtyýar durmuşymyzyň, ähli üstünliklerimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň, ýer eýeleriniň nusgalyk zähmetiniň waspy ýetirildi.

         Göwünleri galkyndyryp, ruhuňy belende göterýän toý şowhuny astynda il sylagly ýaşulular halkymyza mahsus asylly däbe eýerip, ekişe birkemsiz taýýar edilen ene topraga ýagşy arzuw-niýetler bilen ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Soňra alyslara ýaýylyp gidýän ekin meýdanyny gowaça ekişini köpçülikleýin dowam etdiren ýokary öndürijilikli tehnikalaryň sazlaşykly sesleri gurşap aldy.

Ýeri gelende aýtsak, ýerleri ekişe taýýarlamakda tehnikalaryň 125-si netijeli işledildi. Ekiş möwsüminiň dowamynda ekiji tehnikalaryň 35-si daýhanlaryň hyzmatynda bolup, işleriň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam eder. Kebşirleýjileri, abatlaýjylary we tehniki ussalary özünde jemleýän, zerur bolan dürli serişdeler bilen üpjün edilen hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, tehnikalaryň bökdençsiz, saz işlemegine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 16 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýän welaýatymyzyň ýer eýeleriniň bu asylly maksadynyň myradyna gowuşmagyna düýpli ýardam berer.