Habarlar

«Dostluk» nebit gämisi — dostlugyň dabaralanmagy

28.06.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­rynyň dowamynda dostlukly döwlet tarapyndan ýurdumyza sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda garşylanyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary,  jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.                                           

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen dabarada türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany bolan «Dostluk» nebit tankeri türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy. 

Mälim bolşy ýaly, hor­mat­ly Prezidentimiziň 22-23-nji iýun­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­rynyň netijesinde, iki goňşy halkyň bähbitlerine gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge täze möhüm şertleri üpjün etdi. Dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan  aýdym-sazlar dabara gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen-azerbaýjan dost-doganlygy  wasp edildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar «Dostluk» nebit tankeriniň iş mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Nebit tankeriniň umumy uzynlygy 141 metr bolup, onuň ini 16,9 metr, ýük göterijiligi bolsa 8 müň tonna barabardyr. Dabarada ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.