Habarlar

Taryhy-medeni ýadygärlik giňden öwrenilýär

26.06.2026

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda giň gerime eýe bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda buýsanç bilen waspyny ýetiren Dehistan ýaýlasy hem gadymyýetde kerwen ýollarynyň geçen mekanydyr. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde bu ýerde, ýagny «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri goramaga, öwrenmäge hem-de rejelemäge uly ünsüň berilýändigini aýdyň görkezdi. Öwredijilikli häsiýete eýe bolan meýdan şertlerindäki maslahatda ýurdumyzyň belli alym arheologlary, hünärmenleri, taryhçylary welaýatymyzyň çäklerinde saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar. Döredijilik forumyna gatnaşanlar ata Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.