
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň sport
we ýaşlar syýasaty. Baş müdirliginiň
garamagynda häzirki wagtda 20 sany sport mekdepleri we 6 sany sport desagalary
hereket edýär. Welaýat boýunça jemi
sportuň 30-a golaý görnüşi boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky
Balkanabat şäheriniň 10 müň tomaşaçy
ýerleşýän ajaýyp stadionly köpugurly sport toplumy 2009-njy ýylyň 11-nji
awgustynda ulanylmaga berlip, onuň umumy
meýdany 13 gektardan ybaratdyr. Desga, esasan, spotuň 6 görnüşi üçin niýetlenip,
onda basketbol, woleýbol, boks, göreş,
suwda ýüzmek, agyrlyk götermek boýunça türgenle\ikleri hem-de ýaryşlary
geçirmäge mümkinçilikler bardyr.