Toý sadakasy berildi
Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatymyzyň
gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi we Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň
«Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy
berildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary bereketli hasylyny bolluk bilen
eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý ýygnap,
ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi
olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk
özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini
ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň aýdyň
subutnamasydyr.
Şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň hormatyna geçirilen çärede
bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen
ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleri we daýhan zähmeti wasp
edildi.
Sadaka gatnaşanlar «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer
ýörelgeleriň rowaçlanýan ýerine öwrülmegini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegini,
Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, eziz halkymyzyň has-da eşretli ýaşamagynyň hatyrasyna alyp
barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary dileg etdiler.