Gülüň owadan!
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň
owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky
tapgyrlarynda öňe saýlanan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Mährem
ejelerimizden, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimiziň esasylarynyň
biri bolan gülli keçelerimiz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Keçelerimizde
halkymyzyň şöhratly taryhynyň many-mazmuny, tebigatymyzyň gözel keşbi...
jemlenendir. Şeýle bolansoň, olar halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, döwürlerden
döwürlere geçip gelýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen keçe
bäsleşiginde-de aýdyň göz ýetirmek boldy.
Milli keçelerimiziň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, ýaşlarda
zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we el
işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar
onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine
ýetirmekde birek-birekden kem durmadylar. Olar ýüňi saýlamagyň, saýmagyň,
daramagyň, boýamagyň, keçe güllemegiň we ony ýasamagyň usullary barada gürrüň
berdiler. Şeýle-de milli aýratynlyklara görä nagyşlary salyp, keçe güllemekde
öz başarnyklaryny görkezdiler. Soňra zenanlar keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary,
rowaýatlary, gazallary aýtdylar. Döwrümiziň, şöhratly ýylymyzyň we ata
Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan, milli
gymmatlyklarymyza nusgalyk derejede hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyny çeper sözlerde
beýan etdiler.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat
şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç
Bagyýewa we Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň
«Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan
Allagulyýewa baş baýraga mynasyp boldular. Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar
bagynyň işgäri Ajapgül Gurbandurdyýewa we şol etrabyň 5-nji çagalar bagynyň
terbiýeçisi Gültäç Kakajanowa birinji, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Abat Mämmedowa we
şol etrabyň Çaloýuk geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Ogulsapar Täçgeldiýewa
ikinji, Gyzylarbat etrap Janahyr bekedi oba medeniýet öýüniň müdiri Gülzada
Şyhdurdyýewa hem-de Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy
Altyn Atanyýazowa üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar
gowşuryldy. Baş baýragyň eýeleri bolsa onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.