Habarlar

Bedewler göwünlere ganat baglatdy

03.05.2026

Hepdäniň ýekşenbe güni Balkan atçylyk sport toplumynyň ýene-de mähellesi ýetik boldy. Bu ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky at çapyşygy möwsüminiň nobatdaky çapyşyklary geçirildi. Dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar münberleri dolduryp, gyzykly at çapyşyklaryna tomaşa etdiler.

Ilki bilen, bedew janköýerleriniň şatlyk-şowhuny astynda üçýaşar atlar çapuw ýodasyna çykdylar. Olar 1200 metr aralykda  güýç synanyşdylar. M.Tulegenowyň Dorja atly dor aty turuwbaşdan öz ýyndamlygyny görkezip, ilkinji bolup pellehanada geçmegi başardy.

Ikinji çapyşykda üçýaşar atlar 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Gyşyksakar atly dor bedew beýlekilerden öňe saýlandy hem-de pellehana birinji bolup gelmegiň hötdesinden geldi. Ol P. Ýegşemowyň hojalygyna degişlidir.

Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda A. Ýazmyradowyň Garaýel atly gara dor aty birinji orna mynasyp boldy.

«Sümmülli toprak» daýhan hojalygynyň Iner atly al bedewi dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynyň ýeňijisi boldy.

Jemleýji bäşinji çapyşykda hem dört we ulyýaşar atlar güýç synanyşdylar. 1800 metr aralyga geçirilen çapyşykda Balkan atçylyk sport toplumynyň Garabezirgen atly gara aty öňdeligi bermedi.

Şowhunly hem çekeleşikli geçen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, bedewleri çapan ezber çapyksuwarlar baýraklary maňlaýlaryna syldylar.