Gerçeklere baky şöhrat!
Ýurdumyzyň
ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýeňiş
gününde söweş meýdanlarynda baky uka giden gerçekleriň, duşmandan üstün çykyp,
döwletli ojaklaryna dolanyp gelen gahrymanlaryň görkezen edermenligi,
batyrlygy, tylda galanlaryň tutanýerli zähmeti
barada ýene bir gezek ýatlanyldy.
Beýik Ýeňşiň gazanylan güni — 9-njy maýda bolsa welaýat
merkezi Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärligine baharyň ter güllerini
goýmak dabarasy geçirildi. Nesilleriň abadan we nurana geljegi, dünýäniň
parahatçylygy ugrunda uruş meýdanlarynda wepat bolanlary hatyralamak çäresine welaýat
we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri,
edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, hormatly ýaşulular, ýaşlar
gatnaşdylar. Olar ýadygärligiň etegine ter gül çemenlerini goýmak bilen,
edermenligiň, mertligiň we gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezen, taryha
şöhratly atlaryny ýazdyran gerçekleri hatyraladylar.