Habarlar

Medeniýetiň, sungatyň belent sarpasy

27.06.2025

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan çäreler biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde gojaman Hazar deňziniň kenarynda geçirilen baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy dabarasy bolsa Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi. Oňa welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bagtyýar ýaşaýjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda söz ussady Magtymguly Pyragynyň,  medeniýetimiziň, sungatymyzyň, täze taryhy döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Ussat şahyryň şygyrlaryna döredilen türkmen halk aýdymlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Folklor toparlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna, küştdepdidir gazallaryna, welaýat drama teatrynyň artistleriniň ussat şahyra bagyşlap taýýarlan sahna oýnundan bölege uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide muzeý gymmatlyklaryna, milli aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten amaly-haşam sungatynyň önümlerine, el işlerine, neşir önümlerine we beýleki sungat eserlerine giň orun berildi.

Türkmen medeniýeti we sungaty barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler baýramçylyk dabarasynyň dowamynda joşgunly ýaňlandy.