Habarlar

Bagtyýar çagalaryň göwünleri hoş

18.06.2025

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şu günler bagtyýar ýaş nesiller tomusky dynç alyş möwsüminiň hezilliklerden doly günlerini başdan geçirýärler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesiller iň oňat şertlerde dynç alýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmegi, oňat dynç almagy, bedenlerini berkitmegi, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bilen tanyş bolanyňda, göwnüň hoş bolýar. Bu merkezde täze okuw ýylyna çenli, ýagny tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar tapgyrma-tapgyr dynç alýarlar we her tapgyrda 280 çaga kabul edilýär.  Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen deň-duşlary bilen tanyşýan we dostlaşýan körpeleriň şatlygyna şaýat bolanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar hakyndaky aladalarynyň öz ajaýyp miwelerini berýändigine göz ýetirýärsiň.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleriň arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olar sportuň dürli ugurlary boýunça güýç synanyşýarlar, aýdym aýtmakda, goşgy okamakda, surat çekmekde başarnyklaryny görkezýärler. Merkezdäki kompýuter otagy, kitaphana, naharhana, sport zaly we meýdançasy, howuz… körpeleriň hyzmatynda. Olar kitaphanada gyzykly ertekileri okaýarlar. Dürli gurnaklara gatnap, aýdym aýdýarlar, saz çalýarlar. Muzeýlerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyş bolýarlar. Deňziň kenarynda gezelenç edýärler. Ol ýerde köpçülikleýin sport maşklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählere guralýan gezelençler has-da täsirli bolup, çagalar ol ýerlerde dürli oýunlary oýnaýarlar, hiňňildiklerde uçýarlar.

Hawa, «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bu ýerde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar, olaryň özleri üçin iň ýokary derejede edilýän hyzmatlardan göwünleri örän hoş.