Habarlar
19.02.2025

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Halkara Zenanlar güni mynasybetli bilelikde yglan eden «Medeni mirasyň paýhas çyragy, sallançak edebi — döwrüň owazy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Maşgalanyň dowamaty bolan perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda ene hüwdüsi we çaga sallançagy derwaýysdyr. Ene hüwdüsiniň we sallançagyň nesil terbiýesindäki ähmiýetini, körpejäniň rahat hem kadaly ösüşine edýän täsirini ýaş enelere düşündirmek, olara degerli maslahatlary bermek, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesini ýaş eneleriň mynasyp dowam etdirmegini gazanmagy wagyz etmek döwrüň öňe çykarýan meselesidir.

Ine, şol maksatdan ugur alnyp geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar, şertlere laýyklykda,   berlen wagtyň dowamynda sallançak bilen bagly düşünjelerini çeper sözlerde beýan etdiler, sallançaga degişli rowaýatlary, tymsallary gürrüň berdiler. Ýerine ýetiren hüwdüleriniň dowamynda maşgala mukaddesligine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Her bir öýde sallançagyň badynyň ýatmazlygyny arzuw etdiler. Çaga sallançagynyň we çagany hüwdülemegiň olara ýetirýän täsiri barada berlen sowallara dogry we anyk jogap bermekde birek-birekden kem durmadylar.

Netijede, Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenbaşy etrabynyň Irikli obasynyň ýaşaýjysy Ogulboldy Artykowa birinji, Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň ýaşaýjysy Süýşe Gulmämmedowa ikinji, şol etrabyň Akýaýla obasynyň ýaşaýjysy Ogulbike Mämmetnurowa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

12.02.2025

Ýurdumyzda döwrümiziň hem durmuşymyzyň ýaraşygy bolan eneleriň, gelin-gyzlaryň hormat-sarpasy belent tutulýar. Zenanlaryň jemgyýetdäki hukuklary we bähbitleri goralyp, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ýaş gyzlaryň hünär öwrenmekleri, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary hem-de halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edilýär. Munuň şeýledigini ruhubelentlige beslenip geçirilýän dürli çäreleriň mysalynda hem görmek bolýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan etmeginde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşigi-de şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň Balkanabat şäherindäki «Bagt kögi» toý dabaralary merkezinde geçirilen welaýat tapgyry hem oňa gatnaşanlarda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar sekiz ugur boýunça güýç synanyşyp, onuň jemi jemlenilende, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jennet Satymowa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň tam süpürijisi Aýgözel Işanowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň gurjak halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Toýbibi Ataniýazowa, «Ýylyň watançy zenany» diýen ada harby gullukçy Jahan Akmuradowa, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gözel Kemenowa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Balkanabat şäherinden telekeçi Aýsona Nazgulyýewa, «Ýylyň halypa zenany» diýen ada Gyzylarbat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Maýagül Ataýewa mynasyp boldular.

Bäsleşikde degişli ugurlar boýunça öňe saýlanan zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

12.02.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren aýdym-sazly dabaralary «Ýylyň ady — berkararlyk binýady» diýlip atlandyryldy. Syýahatçylyk zolagyndaky Baş baýdak meýdançasynda hem-de «Awazanyň ýalkymy» binasynda geçirilen dabaralarda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlary, halk we tans döredijilik toparlary çykyş etdirler. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanýan beýik  üstünlikleri, belent ösüşleri, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly wasp edilip, halkymyzy döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyşlar joşgunly ýaňlandy.  «Dagdan» halk döredijilik, «Ýaşlyk», «Hazar merjeni» tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslary we folklor çykyşlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

07.02.2025

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden  «Tans sungaty — parahatçylygyň ruhy joşguny» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Etrap-şäher medeniýet merkezleriniň tans we folklor toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmekde alyp barýan beýik başlangyçlaryndan ugur alyp, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligini has-da kämilleşdirmekden, halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşan toparlar onda görkezilen iki şert boýunça güýç synanyşdylar. Milli halk aýdym-sazlarymyzy, tanslarymyzy ýerine ýetirdiler. Şeýle-de düzüminde 15-20 sany agza bolan toparlar gatnaşyp, folklordan bir parçany ýerine ýetirdiler.

Bäsleşikde oňa gatnaşan döredijilik tans toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna, tansyň milliligine, folkloryň häsiýetleriniň manysyna, egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna, döwrebaplygyna hemmetaraplaýyn baha beren emin agzalarynyň gelen netijesi bilen, folklor toparlary boýunça Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň «Şapak» folklor döredijilik topary baş baýraga, Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň döredijilik folklor topary birinji, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň «Sumbar» halk folklor topary ikinji, Esenguly etrap medeniýet bölüminiň «Küştdepdi» folklor döredijilik topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Tans toparlaryndan Gyzylarbat etrabynyň «Misserian» tans topary baş baýraga, Magtymguly etrabynyň «Elwan» tans topary birinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk» tans topary ikinji we Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» tans topary bolsa üçünji orunlara eýe çykdylar. 

05.02.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Balkanabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda geçiren aýdym-sazly dabarasy aýratyn ýatda galyjy boldy. Ol welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat döwlet drama teatrynyň sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşlary bilen açyldy. Joşguna beslenen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, merdana halkymyzyň bagtyýarlygynyň waspy ýetirildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar baky Bitaraplygymyza buýsanç, Gahryman Arkadagymyza hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bolup ýaňlandy. Tans we döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem dabara özboluşly bezeg berdi.     

   Talyp ýaşlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyza, mähriban Watanymyza   bolan synmaz söýgä ýugrulan,  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny,   halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän çykyşlary tomaşaçylaryň dowamly ýaňlanan el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. «Dehistan» aýdym-saz etnografiýa folklor toparynyň ýerine ýetiren küştdepdisi döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nyşanyna öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» atly aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere özboluşly alkyş bolup ýaňlandy.