
Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat
tapgyry geçirildi.
Türkmen
zenanlarynyň nusgalyk ýoluny dowam etdirýän, edara-kärhanalarda zähmet çekmek
bilen birlikde, tikinçilik bilen yzygiderli meşgullanýan, milli
egin-eşiklerimizi biçmekde hem tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň
arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda
ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Çeper elli zenanlaryň tikinçilik
sungatyna bolan yhlas-başarnygyny açyp görkezmek, olaryň hünär ussatlygyny
has-da kämilleşdirmek, zähmet öndürijiligini artdyrmak, ata Watanymyza,
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan belent söýgi-buýsançlaryny
wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy.
«Hünärim bar —
hormatym bar» atly bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda
işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikler
hem-de tikýän egin-eşikleriniň milliligi, aýratynlygy barada gürrüň berdiler.
Bellenilen wagt aralygynda gyzjagazlara köýnek biçmekde, tikmekde öz
ezberliklerini görkezdiler. Ýeň-ýakalara salynýan nagyşlary we olaryň
şekilleriniň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, köýnek tikmekde matalaryň
saýlanylyşyny, biçilişini we tikilişini goşgularda, gazallarda beýan etdiler. Türkmen
zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam
sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, öz tiken döwrebap milli türkmen
lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli gymmatlyklarymyzyň, lybaslarymyzyň
waspyny rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirdiler.
Gyzykly hem täsirli
geçen, milli lybaslarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy artdyran bäsleşigiň
jemi jemlenilende, Bereket etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç
Aşyrowa, şol etrabyň 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Tylla Guljykowa we
Bereket tikin kärhanasynyň tikinçisi Aýjahan Amanowa birinji orunlara mynasyp
boldular. Ikinji orunlary Gyzylarbat etrabynyň «Maral» tikinçilik öýüniň
tikinçileri Tawus Çaryýewa, Maýsa Welmyradowa, Şemşat Durdyýewa, üçünji orunlary
Türkmenbaşy etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri Gurbanbibi Esenowa,
terbiýeçisi Gülşat Berdinýazowa we aýdym-saz mugallymy Nurgözel Mergenowa eýelemegi
başardylar. Birinji orna mynasyp bolanlar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna
gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige
ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Hormat
hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirilip, oňa dürli
ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzda maşgala gymmatlygyna goýulýan sarpany beýan
etmegi, eneligi we çagalygy goramagy, ýaş nesillerimizde milli ruhy
gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmagy, Türkmenistanda gender deňligi boýunça
alnyp barylýan işleri, zenanlara goýulýan hormaty açyp görkezmegi, olaryň
tekliplerini öwrenmegi we goldamagy, ýetilen belent sepgitleri wagyz etmegi
maksat edinen bäsleşikde oňa gatnaşanlar dürli ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny
görkezdiler.
Netijede, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň
müdiri Güljemal Soltanowa «Ýylyň işewür zenany», 18-nji çagalar bagynyň
aýdym-saz mugallymy Jumasoltan Atabaýewa «Ýylyň çeper elli zenany», 2-nji
çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Güljemal Nepesgulyýewa «Ýylyň sungatda
işjeň zenany», «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy Toýbibi Atanyýazowa «Ýylyň mährem zenany»,
harby gullukçy Orazgül Mejidowa «Ýylyň watançy zenany», telekeçi Aýsona Nazgulyýewa
«Ýylyň tikinçi zenany», 24-nji orta mekdebiň mugallymy Bossantäç Möwlamowa
«Ýylyň halypa zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň welaýat
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa Zenanlar birleşiginiň
welaýat bölüminiň, etrap-şäher geňeşleriniň wekilleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň
işjeň agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda edilen çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
zenanlaryň çekýän asylly zähmetine ýokary baha berilýär, zenan sarpasy belentde
tutulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň birleşen tagallasy
bilen yglan edilýän bäsleşikler, maslahatlar, wagyz-ündew çäreleri biri-birine
ulaşýar. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we etrap-şäher geňeşleri şeýle
çäreleri edara-kärhanalarda we halk köpçüliginiň arasynda geçirip, aýal-gyzlaryň
ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda tagallalaryny gaýgyranoklar. Çünki Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda öňe
sürülýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Zenanlar birleşiginiň, şol sanda onuň welaýat
bölüminiň öňündäki möhüm wezipeler zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik
durmuşyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, eneligi we
çagalygy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmakdan, köp çagaly eneleriň ýaşaýyş şertleri baradaky aladany
güýçlendirmekden, olary maddy taýdan goldamakdan we beýleki zerur kömekleri
bermekden ybaratdyr.
Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen
hasabat ýygnagynda geçen ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işlere seljerme
berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylmaly işler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň agza sanynyň yzygiderli
artýandygy göz öňünde tutulyp, onuň guramaçylyk toparynyň düzümine hem
seredildi.
Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanylýan
zenanlaryň, eneleriň bagtyýarlygy barada uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar çärede edilen
çykyşlarda dilleriň senasyna öwrüldi.

Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde welaýat Polisiýa
müdirliginiň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi
şatlyk-şowhuna beslendi. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, dürli öwüşginli
baýdajyklar, şarlar, ak öýleriň owadan hatary baýramçylyk meýdançasyna bezeg
berip, sahna oýunlary, sport çäreleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Hatara düzülen toý gazanlarynda
milli tagamlar taýýarlandy.
Dabarada
çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni hem-de ýaşaýyş
jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen gutladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň
gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar
gowşuryldy. Döwrebap jaýlara göçüp gelen raýatlara öýleriň açarlarynyň
gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat
ussatlarynyň aýdym-sazlarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň,
hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy ýetirildi.
Dabara
gatnaşanlar iki sany dört gatly, her biri 32 hojalyga niýetlenen jaýlaryň üç
hem-de dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly
enjamlar bilen üpjünçiligi bilen tanyşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly
— dünýäniň akyldary» atly kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy Gündogaryň beýik söz
ussady Magtymguly Pyraga we onuň tutuş
adamzadyň ylham çeşmesine öwrülen döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň
kepili bolup, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly
ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş
dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň ägirt uly ähmiýeti dogrusynda
giňişleýin gürrüň edildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik
akyldaryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler
durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
diýlip atlandyrylmagy, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň dünýä boýunça dabaraly
bellenilmegi we beýleki çäreler munuň subutnamalarydyr. Hormatly
Prezidentimiziň täze kitabynyň şöhratly wakalary bilen bilen taryha giren «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş bermegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ajaýyp
sazlaşygy emele getirýär. Mähriban
halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ruhy hazyna bolan kitapda Magtymgulyny
öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegiň we
öwretmegiň usullary, beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýäde wagyz etmek boýunça
alnyp barlan işler öz beýanyny tapýar. Dabarada merdana halkymyza ajaýyp serpaý
ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri ýürek buýsanjy
bolup ýaňlandy.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara
aýratyn öwüşgin çaýdy. Täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerini, parahatçylygy,
asuda durmuşy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de beýik söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen
aýdymlar belentden ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.