Habarlar
14.08.2024

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, okuw bilen dynç alşy sazlaşykly guramaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Olaryň täze okuw ýylyna ähli taraplaýyn taýýarlykly barmaklary üçin üpjün edilýän amatlyklar hem ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ahyrlap barýan häzirki günlerinde harytlaryny halkyň hyzmatyna bolluk bilen hödürleýän mekdep bazarlary munuň aýdyň kepili bolup, olar ýaş nesil hakynda edilýän aladanyň näderejede ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär.

Ähli etrap-şäherlerde hereket edýän mekdep bazarlaryndaky egin-eşikleriň, okuw esbaplarynyň milli harytlarymyz bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Olardaky türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakasy keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekleri, şolar bilen reňkdeş penjekleri, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslary okuwçy gyzlar höwes bilen satyn alýarlar. Okuwçy oglanlar-da mekdep bazarlaryndan özlerine gerekli lybaslaryň — köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň döwrebap hem ýokary hilli görnüşlerini tapyp bilýärler. Bazarlaryň tekjelerine bezeg berýän nepis bejerilen tahýalar, ýantorbalar, depderdir gündelikler, çyzuw albomlary, reňkli kagyzlar, galamlar hem-de beýleki zerur okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Aýratyn bellemeli zat, ol hem harytlaryň nyrhlarynyň halk üçin elýeterli bolmagydyr. Harytlaryň bolçulygyny, elýeterliligini synlanyňda, ýaş nesiller barada edilýän aladanyň toplumlaýyn häsiýete eýedigine guwanýarsyň, buýsanýarsyň.

Degişli edara-kärhanalaryň işgärleri mekdep bazarlarynyň guramaçylykly işlemegi üçin irgözinden taýýarlyk görip, satuwa çykarylan harytlar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndüren önümleridir. Şeýle-de okuwçylara gerek bolan depderdir gündelik ýaly esbaplar we beýleki neşir önümleri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyldy. Olaryň ýokary çap ediliş usulynda öndürilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýeri gelende aýtsak, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza giňden ornaşan döwründe okuw esbaplaryny onlaýn söwda dükanlaryna sargyt etmek arkaly alyp bolýar.

Söwdasy ir ertirden başlanýan mekdep bazarlarynyň alyjysy ýetik. Olara gelýän çagalaryň we ene-atalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary we hoşallyklary egsilmeýär.

07.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Syýahatçylyk zolagyny baýramçylyk ruhuna beslän çärelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary  gatnaşýarlar. Russiýaly çagalar şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, gözel Awazada dynç almak bagtyna eýe boldular. Olara gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy.

         «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ilkinji gününde «Arkadagyň sahawaty —  ömürleriň çyragy» ady bilen dynç alyş tapgyrynyň aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasy dürli çäreleriň badalgasyna öwrüldi. Çagalaryň Türkmenbaşy şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Salkyn kenar» seýilgähinde bolmaklary olarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Sportuň ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, kenarýaka woleýboly, stol tennisi, tanap çekmek görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça geçirilen ýaryşlar, «Kim çalasyn? Kim çakgan?» atly hereketli oýunlaryň bäsleşigi çagalaryň sporta söýgüleriniň, höwesleriniň egsilmezdigini görkezdi.

Syýahatçylyk zolagynyň içi bilen birnäçe kilometre uzalyp gidýän Awaza derýasynda gämili gezelenç, «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň täsinlikleri bilen tanyşmak, gämili Hazar deňzine guralan gezelenç, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» seýilgähleriniň, «Awaza» akwaparkynyň, interaktiw suw çüwdürimler toplumynyň gözellikleri çagalaryň hakydalarynda hemişelik galar diýip, ynam bilen aýtsa bolar.

 Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň dowamynda guralan «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar», «Dil bilen dünýäni gezer», «Awazanyň tolkuny — göwünleriň ylhamy», «Hünärim bar — hormatym bar», «Hünär ussatlygy — kämilligiň kepili», «Zehinlileriň meýdançasy», «Tebigat gözelligi — ülkämiziň bezegi» ýaly dürli çäreler çagalaryň sungatdaky, döredijilikdäki tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardy. Şowhunly aýdym-sazlar, sirk artistleriniň çykyşlary, döredijilik işgärleri bilen guralan duşuşyk dynç alýan çagalar üçin täsirli çäreleriň hataryny artdyrdy. «Alkyş Size, şöhrat Size, Howandar Arkadagymyz! Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen guralan söhbetdeşlikde bolsa ýaş nesil hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri öwran-öwran dile getirildi.

30.07.2024

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de uly joşguna beslendi. Bäsleşik Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi hem-de ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşyjy ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada, halk we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Bu çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli  medeniýetimiziň we sungatymyzyň sazlaşykly ösýändiginiň, aýdym-saz sungatymyzyň döwrebap kämilleşmegine goşant goşjak zehinli, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

         Ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden, aýdymçylaryndan düzülen eminler topary «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyryna gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik başarnyklaryna, sahna ussatlyklaryna, ukyplaryna baha berdiler hem-de ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Toýçyýew hem-de  Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Hally Babaýew ýeňijiler diýlip yglan edildiler we bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna  gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

24.07.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeleri bilen meşgul bolýarlar. Merkezde gyzyklanmaga zat köp. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde oýun oýnamak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zaly, kompýuter otagy, gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Bu bolsa çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Merkezde dynç alýan çagalaryň aň taýdan kämilligini artdyrmakdan daşgary, olaryň fiziki işjeňligini gazanmak maksady bilen bedenterbiýe we sport çärelerine yzygiderli üns berilýär. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. «Türkmen milli oýunlary» ady bilen çagalaryň arasynda milli oýunlarymyzyň dürli görnüşi boýunça bäsleşikler örän täsirli geçýär. «Kim çalasyn?» oýnuna gatnaşýan körpeler özleriniň çakganlygyny, çalasynlygyny, çeýeligini görkezýärler. Milli göreş boýunça ýaryşda ýaş pälwanlar başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. «Çalt pikirlenmegi başar!» atly küşt, şaşka boýunça geçirilýän ýaryşlaram körpeleri özüne çekýär.

Merkezde dynç alýan çagalar diňe bir sport däl, eýsem, döredijilik bäsleşiklerine hem höwes bilen gatnaşýarlar. «Arzuw — dostluk mekany», «Bagtyýar çagalyk», «Tebigat gözelligi» atly surat bäsleşiklerinde çagalar asfaltyň ýüzünde mawy asmany, aňyrsyna göz ýetmeýän deňzi, erkana ýüzýän gämileri, sapaly kenary şekillendirdiler. «Ýaşajyk heýkeltaraş» atly bäsleşikde çyg çägeden dürli şekilleri ýasadylar. Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalara sowgatlar gowşuryldy. 

24.07.2024

Galla hasylyny senagat taýdan gaýtadan işlemekde «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmen toplumynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna çenli un öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman kärhanasynda däne saklamak üçin niýetlenilen ammar-çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her biriniň göwrümi 8 müň 333 tonna deňdir. Munuň özi kärhanada, umumylykda alanyňda, birwagtda 50 müň tonna barabar galla hasylyny talaba laýyk saklamak üçin şertleriň döredilendigini tassyklaýar.

 Kärhanada önümçilik bölüminiň, elektrik bekediniň, suw arassalaýjy desganyň, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenilen bölümiň, ammar jaýlarynyň, döwrebap edara binasynyň, arassaçylyk-durmuş gullugy binasynyň, suw, elektrik, lagym geçirijileriniň gurulmagy işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyny şertlendirýär. Kärhana awtoulag ýoly bilen birlikde, demir ýol şahasynyň hem gelmegi ýygnalýan galla hasylyny bökdençsiz kabul etmekde hem-de öndürilýän önümleri sarp edijilere yzygiderli ugratmakda wajyp ähmiýete eýedir.

Degirmen toplumynda häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla hasylyny gaýtadan işläp, olardan un hem-de mallar üçin niýetlenen önümleri öndürmekde netijeli zähmet joş urýar. Munuň şeýledigine ýylyň geçen hasabat döwründe iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan 14 müň 508 tonna derek 19 müň 370 tonna dänäniň üwelmegi hem şaýatlyk edýär. Kärhana bu babatda öňde goýlan iş meýilnamasyna 134 göterim hötde gelmegi başardy. Geçen döwürde gaýtadan işlenilen şonça möçberdäki galladan alnan unuň 4 müň 843 tonnasy ýokary, 9 müň 685 tonnasy bolsa birinji sortly una degişli boldy.