
Çagalar tomusky
dynça alyş möwsümini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar
sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde
geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly
aladalaryň edilýändigini görkezýär.
Şypahana zolagyndaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç
alyş merkezlerinde doly derejede dynç almak üçin döredilen
şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş nesliň her bir güni olar üçin
ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Merkezlerde çagalaryň oýun
oýnamaklary üçin niýetlenilen ýörite oýun otaglary, bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaklary üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary,
kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary ýaş nesliň hyzmatynda.
Şunuň ýaly mümkinçilikler nurana geljegimiz bolan çagalaryň tebigy
zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň
çekmäge, döredijilige ugrukdyrmaga şertleri üpjün edýär. Şeýle
mümkinçiliklerden hem çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak
täsirli pursatlary başlanýar. Welaýat hem-de Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň birleşen tagallalary bilen çagalaryň ýokary
işjeňlik bilen gatnaşmaklarynda biri-birine ulaşýan dürli çäreler bolsa şeýle
ýakymly pursatlaryň üstüni ýetirýär. Türkmenbaşy şäheriniň hem-de milli
syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde zehinli çagalaryň aýdym-sazly
çykyşlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy diňe bir zehinli çagalary
ýüze çykarmaga itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň sungata bolan
höwesini artdyrýar. Deňiz giňişligine hem-de Awaza derýasyna guralýan gämili
gezelençler dynç alýan çagalarda aýratyn täsir galdyrýan pursatlaryň biridir.
Şeýle gezelençler çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
tagallalary bilen kemala gelen milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp
gözelliklerini suw giňişliklerinden synlamaga mümkinçilik döredýär.
«Awaza» akwaparky, «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar»,
«Älemgoşar» ýaly oýun-attraksionly seýilgähler dynç alýan çagalaryň uly höwes
bilen gelýän iň arzyly künjekleridir. Bu ýerlerde döredilen şertlerdir
mümkinçilikler, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan dürli
güýmenjeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň
ukyp-başarnygynyň artmagynda, gözýetiminiň giňelip, aň taýdan taplanmagynda,
olarda çalasynlygy, ugurtapyjylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirip, yzygiderli
geçirilýän şeýle çäreler ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelip, bu ýerde tomusky
dynç alyş möwsümini peýdaly geçirýän çagalara täsirli pursatlary peşgeş bermek
bilen birlikde, olaryň kalbynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyza
çäksiz buýsanç, guwanç duýgularyny döredýär. Bagtyýar ýaş nesli birek-birek
bilen ysnyşdyrýar, her bir çaganyň dostlarynyň hataryny artdyrýar. Munuň özi
sapaly künjekde dynç alýan çagalaryň her bir gününi gurşap alýan dürli
çäreleriň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Şeýle çärelerden joş alýan
çagalaryň şatlygy eziz Diýarymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Milli
Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşly sözleriň
beýanyna öwrülýär.

Welaýatymyzyň merdana gallaçylary sahawatly topragymyzdan
80 müň tonna guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet
ýeňşini gazandylar. Munuň özi olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba
hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk
däplerini ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň
aýdyň subutnamasydyr.
Ýylboýy çekýän argynsyz azaby bilen ene topragy
gülledýän, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan
welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary bu gün ýeriň, suwuň hakyky eýeleri
boldular. Bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde oňat netije berýän peýdaly usullaryň
ekerançylyga işjeň ornaşdyrylmagy, dünýäniň ösen, döwrebap oba hojalyk
tehnikalarynyň hyzmatyndan başarnykly peýdalanylmagy, ekin meýdanlarynyň uzak
möhletleýin esasda isleg bildiren tejribesi ýetik hasyl ussatlaryna berilmegi,
işde ýokary netijeleri gazanmagy başarýan daýhan hojalyklarynyň döredilmegi,
ýer eýeleriniň ýokary hilli tohum, dökünler bilen üpjün edilmegi bereketli
toprakdan alnan hasylyň ýokary bolmagyna uly ýardam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawyndan, zähmet çekmek,
ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredýän amatly şertlerinden ýerlikli
peýdalanmagy başarýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 50 müň
gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.
Ekerançylykda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli
peýdalanmak, işleri öňdebaryjy tejribäniň, ylmyň gazananlarynyň esasynda gurap,
ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns
berilmegi, daýhanlaryň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalyp, tabşyrylan hasyl
üçin olar bilen hasaplaşyklaryň bökdençsiz ýola goýulmagy we beýleki amatly
şertleriň döredilmegi welaýatymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň oňat
netijeleri gazanmaklaryna oňyn täsirini ýetirdi. Bu gün sahawatly topraga göwnejaý
ideg edip, ondan bereketli hasyl almagy başaran gallaçy daýhanlaryň haýsy biri
bilen gürrüňdeş bolsaň-da, olar halal zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak
üçin ýeriň, suwuň, döküniň, tohumyň ýeterlikdigini, kuwwatly oba hojalyk
tehnikalarynyň bardygyny, ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen
aýdýarlar. Özleri baradaky atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar, çyn ýürekden buýsanç bilen
hoşallyklaryny beýan edýärler.
Azyklyk ekinleriň arasynda ak bugdaýa taý geljegi ýok. Ol
— uly iliň soltany, adamzadyň naýbaşy iýmiti, saçaklarymyzyň berekedi. Bu
hakykata oňat düşünýän welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň sürüjileri,
zähmetsöýer mehanizatorlarydyr tehnikalary abatlaýjylar toparlary we beýleki
işgärler hem döwlet Baştutanymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulularyň
«Bismillasy» bilen badalga alan galla oragyna agzybirlikde işjeň gatnaşdylar. Olar
gallaçy daýhanlaryň ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdiren bereketli hasylyny
gysga möhletde, isripsiz ýygnap almakda yhlaslaryny aýamadylar. Şeýlelikde, bir
maksada gulluk edilip, agzybirlikli çekilen zähmet öz guwandyryjy netijesini
berdi. Bu gün welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylarynyň gazanan ajaýyp zähmet
üstünligi hemmeleri guwandyrýar. Bizem şeýle şatlykly pursatda olara argynsyz
zähmet çekip gazanan halal girdejiňiz toýlaryňyza ýarasyn diýýäris.
Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar!
Ömrüňize
bereket, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň
milli buýsanjyna öwrülendir. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň
Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe
bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.
Bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda
ýeňiji bolan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Halkymyzyň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp
görkezmek, gelin-gyzlarda zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek,
ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine
bolan höwesi artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy.
«Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň şertlerine
laýyklykda, oňa gatnaşýanlar keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri, ýagny
ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny çykamak
ýaly işleri birin-birin ýerine ýetirdiler. Bu işlerde zerur bolan gurallaryň
atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Dürli gülleri salmak arkaly
boýy 1,5 metre, ini 1 metre deň bolan keçeleri bellenen wagtda ýasamakda öz
ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Iki ýüzli keçäniň görnüşleri, olara salynýan
nagyşlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Keçe bilen baglanyşykly
taryhy maglumatlary, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary,
yrymlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirdiler we Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edip, öz ýürek buýsançlaryny
şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň üsti bilen beýan etdiler. Halkymyzda
«Keçe göwünli gelnim, kiçi göwünli gelnim» diýen aýtgynyň gaýyn-gelin
gatnaşygynda agzybirligi ündeýändigi, enelerimiziň ýaş gyzlary ýa-da täze gelni
el işleri bilen bagly tymsallaryň üsti bilen terbiýeländikleri barada gürrüň
berdiler. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan el işlerimiziň, milli
mirasymyzyň has içgin öwrenilmegine giň ýollary açýan Milli Liderimize we
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Ene-mamalarymyzdan dowam
edip gelýän el işlerimizi ýaş nesillere öwretmekde tagallalaryny, yhlaslaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Diýseň gyzykly hem täsirli geçen bäsleşigiň jemi
jemlenilende, Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy oba medeniýet öýüniň aýdym-saz
ýolbaşçysy Çynar Meňlidurdyýewa birinji, şol etrabyň Sülmen oba medeniýet
öýüniň guramaçysy Sapartäç Mollaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Mukaddes Gurban baýramynyň çuň mazmunly
dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus şatlyk-şowhun bilen üç günläp dowam eden
baýramçylyk merdana halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, mizemez durmuş
ýörelgelerini, ýokary ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden
dabaralandyrdy.
Gurban
baýramynyň esasy çäreleri Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň möhüm
bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň döwresinde giňden
ýaýbaňlandyryldy. Toý ýörişi mukaddes baýramyň dabaralarynyň özboluşly
badalgasyna öwrülip, oňa hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar
hem-de dürli ýaşdaky raýatlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk
ýörişine gatnaşyjylar joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor toparlarynyň
täsirli çykyşlary, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Gurban baýramynyň mazmun taýdan biri-biriniň
üstüni ýetirýän toý çäreleri soňra giňden ýaýbaňlandyryldy. «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň töwereginiň baýramçylyk keşbi hemmeleriň toý şatlygyny artdyrdy.
Altmyş başly ak öýleriň owadan hatary, olarda giňden ýazylan bereketli
baýramçylyk saçaklary, hatara düzülen toý gazanlarynda atarylan tagamlar, toý
mähellesine edilen hödür-kerem milli däp-dessurlaryň, nusgalyk ýörelgeleriň
mynasyp beýanyna öwrüldi. El işleriniň, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergileri köpleriň
ünsüni çekdi. Milli sport oýunlarynyň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan
ýaryşlar, gelin-gyzlaryň ümeçilik dessurlaryndan görkezen parçalary, ýerine
ýetiren gazallary, läledir öleňleri, bagtyýar körpeleriň oýunlary dabaralaryň
şowhunyna şowhun goşdy. Bagşy-sazandalaryň hoş owazly aýdym-sazlary, sahna
ussatlarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň ajaýyp çykyşlary göwünleri
joşdurdy.
Belentden
dikilen bezemen hiňňildikler halkymyzda mübärek Gurban baýramyna mahsus esasy
aýratynlyklaryň biridir. Bagtyýar ýaşlar uly şowhun bilen hiňňildik uçdular.
Olaryň töwerege dolan şatlykly sesleri, joşgunly gülküleri täze taryhy eýýama,
abadan durmuşymyza, şeýle ajaýyp durmuşy
peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň döwrebap aýdym-sazlary, milli tanslary her
birimiziň ýüregimizi-kalbymyzy gurşap alan şeýle buýsanç duýgularyny mukamlarda
beýan etdi.
Şunuň
ýaly şatlyk-şowhun, ýokary ruhubelentlik, aýdym-mukam welaýatymyzyň ähli
şäherlerini, şäherçelerini, obalaryny gurşap alyp, beden we ruhy tämizlige,
ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerine,
döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan medeni gymmatlyklarymyza täze taryhy
eýýamda uly sarpa goýulýandygyny, olaryň mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyny
ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.

Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleriniň guramaklarynda etrap
merkezinde dabaraly çäreler geçirildi.
«Magtymguly Pyragy»
muzeýiniň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry» ady bilen
geçirilen dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslenip, oňa il sylagly
ýaşulular, kümüş saçly eneler, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň
işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyşy
ýaly,
ömrüni öz mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan Magtymguly Pyragynyň
döredijilik dünýäsi ummanlar ýaly giňdir we çuňdur, baý we köpugurlydyr. Öz
ýaşan döwründäki türkmen durmuşyny, türkmen topragyna çäksiz söýgüsini,
tebigatyň gözelligini, ahlak päkligini nusgalyk derejede beýan etmegi başaran
dana Pyragynyň döredijiliginde watançylyk temasy esasy orunlaryň birini
eýeleýär. Agzybir ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary häzirki
ajaýyp zamanamyzda hasyl bolan dana şahyrymyz
dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetdir.
Dabaraly maslahatyň dowamynda şahyryň
goşgularyna döredilen aýdymlary bagşylar
uly hyjuw hem joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Çäreden soňra oňa gatnaşanlar
muzeýe aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Şeýle-de bu ýerde
guralan sergini hem olar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Şol günüň ikinji
ýarymynda «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň öňündäki meýdançada kalplary joşa getirýän
aýdym-sazly konsert geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu
ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlap, aýdym-sazlarda, «Akyldary sarpalap,
galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly
kompozisiýada eziz Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, hormatly Prezidentimiziň
parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň, beýik
Pyragynyň waspy belentden ýetirildi. Magtymguly Pyragynyň aýdyma öwrülen
setirleri hem belentden ýaňlandy.