
Welaýatymyzda galla oragyna badalga bermek dabarasy welaýat
häkimliginde geçirilen geňeş-maslahat bilen başlandy. Welaýat, etrap, şäher
häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, oba hojalygyna dahylly
edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň, daýhan
birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň, şeýle-de il sylagly
ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen geňeş-maslahatda yhlas siňdirilip
ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ony ammarlara we
elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklary
wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly täsirli çykyşlar diňlenildi.
Soňra galla oragynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar «Batly Gadam» hususy
kärhanasynyň Gyzylarbat etrabyndaky bereketli galla meýdanynda dowam etdi. Bu
ýerde egsilmez ruhubelentlik, şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Oba hojalyk ulgamynyň
üstünliklerini we ýeten derejesini beýan edýän giň göwrümli sergi aýratyn ünsi
çekiji boldy. Çörek we çörek önümleri, bugdaý tohumlarynyň görnüşleri sergä baý
öwüşgin çaýdy. Gök-bakja önümleri, dürli miwedir ir-iýmişler serginiň bezegine
öwrüldi. Oba hojalygyna degişli şygarlar toý meýdançasyna bezeg goşup, ajaýyp zähmet
joşgunyny döretdi. Welaýatymyzyň medeniýet müdirligi tarapyndan guralan
joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary
giň gerime eýe boldy. Olarda
janypkeş daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy ýetirildi.
Aýdym-sazly çykyşlardan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap
gidýän altyn başly ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, asylly däbe görä,
sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna ak pata berildi. Bu
pursat şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şondan soňra kuwwatly däne
orujy kombaýnlar hatar gurap, ak bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýlelikde, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 80 müň tonna guşgursak dänäni taýýarlamagy
belent maksat tutunan welaýatymyzyň ak ekin ussatlary galla oragyna
köpçülikleýin girişdiler.
Welaýatymyzda şu ýyl 50 müň gektar meýdanda
azyklyk ak bugdaýyň bitginli
hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla
oragynda «John Deere» we «CLAAS» kysymly däne orujy kombaýnlaryň 100-den
gowragynyň bökdençsiz we öndürijilikli işlemekleri üçin düzüminde abatlaýjylar,
sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy
döredildi. Ýygnalan hasyly daşamakda edara-kärhanalara degişli awtoulaglaryň
510-sy daýhanlaryň hyzmatynda bolar. Galla kabul ediş kärhanalary hem-de Serdar
etrabyndaky her biri 50 müň we 30
müň tonna däne
saklamaga niýetlenen elewatorlar,
dänäniň hilini kesgitlejek ýörite barlamhanalar, hasyl saklanyljak ammarlar
irgözinden möwsüme taýýarlanyp goýuldy.
Dabara gatnaşyjylar gallaly meýdanda däne hasylynyň
ilkinji tonnalarynyň awtoulaglara guýluşyna buýsanç bilen syn etdiler. Däne
daşaýjy awtoulaglar kerwen gurap «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat
etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyna tarap ýola düşdi. Üsti ak
bugdaýly, dürli şygarlar bilen bezelen awtoulag kerweni toplumda uly şatlyk we
şowhun bilen garşy alyndy. Ol ýere ýygnananlar täze däne hasylynyň agramynyň
gapanda çekilişini we elewatora tabşyrylyşyny uly guwanç-buýsanç duýgusy bilen
synladylar. Şol günki wakanyň şanyna giň gerim alan aýdym-sazly dabaralar
zähmet baýramçylygynyň şowhunyny belende göterdi.
Bugdaýy orlan meýdanlaryň samanyny dessine ýygnamaga girişen welaýatymyzyň
gallaçylary özleri baradaky irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş
sözlerini aýdýarlar.

Welaýat
häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» diýen at bilen geçiren
aýdym-sazly dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Milli syýahatçylyk
zolagynyň gözel künjeklerinde welaýatymyzyň ussat aýdymçylarynyň, talyp
ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň, sapaly Awazanyň waspy ýetirilip, halkymyzy döwletli-döwrana eýe
eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalar,
sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, attraksionly seýilgähler,
ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlary bu gün
halkymyzyň, şeýle hem dünýä jahankeşdeleriniň hyzmatynda. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara
derejeli duşuşyklaryň, forumlaryň, dürli medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň
geçirilýän merkezine öwrüldi. Çärede şeýle gözel mekanyň tarypy belentden
ýetirildi, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly
çykyşlarynda hem dost-doganlygyň mekany bolan gözel künjek wasp edildi. «Dehistan»
aýdym-tans we folklor etnografiýa, «Dagdan» halk döredijilik toparlarynyň
aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Olaryň çykyşlaryna
çärä gatnaşyjylaryň goşulmagy dabara özboluşly bezeg berdi. «Hazar merjenleri»
çagalar tans toparynyň bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk
ertekilerinden janlandyran keşpleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren
«Alkyşnama» aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam
etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen
asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere bolan egsilmez buýsanjyň
beýany bolup ýaňlandy.

Welaýat Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy,
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri
barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden
«Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat
tapgyry geçirildi.
Halkymyzyň milli
mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan
işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan
zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar
onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli
gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper beýan etdiler. Taýynlan çyzgylary
esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak arkaly ussatlyklaryny görkezdiler.
Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmeklige
ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Netijede, Balkanabat
şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Rahmanberdi Hojaýew we
Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynyň ýaşaýjysy Azatgül Atagulyýewa ýeňijiler
diýlip yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.

Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň
arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen
halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny, mukamçy
kompozitorlaryň döreden eserlerini ussatlyk bilen
ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik
milli aýdym-saz sungatyna höwesli
ýaşlaryň barha
köpelýändigini aýdyň görkezdi. Netijede,
bagşylaryň arasynda welaýat çagalar sungat mekdebiniň
mugallymy Nurberdi Gulow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa öňdeligi eýelediler.
Sazandalaryň arasynda bolsa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew hem-de welaýat ýörite
sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýew dutarda saz çalmakda has tapawutlanyp, ýeňiji bolmagy başardylar. Olar
bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.

Welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy
geçirildi. Welaýat we Balkanabat şäher
häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň
işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda
geçirilen
tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, täze kitabyň akyldar şahyryň doglan gününiň
300 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan
çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söze
sarpa goýýan halkymyz beýik akyldaryň mertebesini belende göterýär, sarpalaýar.
Dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň gözel paýtagtymyzyň günorta
künjeginde belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy,
beýik akyldaryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede
dabaraly çäreleriň geçirilmegi, «Magtymguly» atly ýygyndynyň çap edilmegi muny
subut edýär.
Şeýle-de dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda
Magtymguly Pyragynyň ömrüni, döredijiligini, baý we köptaraply edebi mirasyny
öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi
aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Beýik söz ussadyna belent sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, merdana halkymyzyň eşretli hem bagtyýar
durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly
sözler tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Ýokary ruhubelentlikde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda
welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Olarda täze taryhy döwrüň beýik ösüşlerini, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp
edýän aýdymlar, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar
belentden ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.