
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň
başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan
Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.
Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine
öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary
ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň
özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza,
döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç
duýgularynyň has-da artandygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Bu ýerde ýaňlanan
aýdym-sazlarda hem hut şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk
türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen
ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny
has-da artdyrdy.
Aýdym-sazyň belent owazynyň astynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana
uçurylmagy bilen badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä
welosiped gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan
«Ilkinjiler» ýadygärligine çenli birnäçe kilometre uzan ýörişi edara-kärhanalaryň,
guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde geçdiler.
Halkara senä bagyşlanan dürli çäreler
welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.

Magtymguly etrabynyň
Magtymguly şäherinde «Arkadagly
nesiller» atly döwrebap çagalar
medeni dynç alyş merkeziniň açylmagy Çagalary goramagyň halkara gününiň hem-de
akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň
şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylyna mahsus ýokary guramaçylyga hem-de ruhubelentlige beslenen dabara
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler,
bagtyýar çagalar hem-de etrabyň köp sanly
ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çägi şatlyk-şowhuna
beslenip, joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar döredijilik
toparlarynyň taýýarlan çykyşlary açylyş dabarasynyň möhüm bölegine öwrülip, olaryň
çuňňur many-mazmunynda ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýeleri hem-de egsilmez
kuwwaty bolan ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin hemmetaraplaýyn aladalar edýän
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan
alkyşlar beýan edildi.
Açylyş dabarasynda döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň gurluşyk
işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzasy «Sanjar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň öňdebaryjy
gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar
şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.
Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşulularyň ak
patasy bilen toý bagy kesilip, toplumyň işine badalga berildi. Şol pursatda
bagtyýar çagalaryň şatlykly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli reňkli howa
şarlary asuda asmana bezeg berdi. Umumy tutýan meýdany 1,5 gektardan gowrak bolan
bu merkezde çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli
şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Şonuň üçin bu ýerde dürli ýaşdaky
adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak ýaly
endikler öwredilýän çagalar hem boş wagtlaryny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip
bilerler. Munuň özi dynç alyş toplumynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda dürli şekildäki aýlanýan
hiňňildikler, çagalar üçin awtodrom, çagalar meýdançasy, garbanyşhana, çaga
oýnawaçlarynyň hem-de azyk harytlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär.
Hemişe gök öwsüp oturan baglaryň hem-de owadan gülleriň arasynda oturgyçlar goýlupdyr. Bulardan başga-da,
döwrebap merkezde edara binasy ýerleşip, onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin
ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan
çyralar dynç alyş merkeziniň gözelligine gözellik goşup, nurana şöhle saçýar.
Şeýle-de merkezde awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar
göz öňünde tutulypdyr.
«Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy
akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dürli medeni çärelere besleýän
Magtymguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi.
Bagtyýar çagalar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza
şeýle ajaýyp serpaýy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olaryň päk
ýürekden çykýan alkyşlary we hoşallyklary dabaranyň tutuş dowamynda ýerine
ýetiren aýdym-sazlarynda, aýdyp beren goşgularynda mynasyp beýanyny tapdy.

Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun»
kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi
mynasybetli geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.
Haýyr-sahawat
gaznasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,
welaýat we etrap häkimlikleriniň, sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada
welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren
döwrebap aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa aýratyn
bezeg berdi. Döwrebap aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň waspy
beýan edildi. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara
ruhy lezzet paýlady.
Mälim
bolşy ýaly, adamlaryň saglygyny goramak türkmen halkynyň Milli Lideri Lukman
Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz
tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny
goramak boýunça «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn
geljek» atly Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady
bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň
raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge
gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş edaralary kämil enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Iki
sany «Dialog+» kysymly enjamyň Magtymguly etrap hassahanasyna sowgat berilmegi
hem döwletimiziň raýatlaryň saglygy, şeýle-de ýaş nesliň abadançylygy baradaky
tagallalarynyň nobatdaky güwäsi boldy.
«B.Braun»
kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze
görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan
ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal
usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek
ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň
esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga
ýardam berýär.
Etrap
hassahanasyna täze enjamlaryň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara
gatnaşyjylar — Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi esasynda operasiýa
edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby hoşallykdan doly
ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri Lukman Arkadagymyza hem-de
hormatly Prezidentimize öz geljegine ynamly garaýan türkmen halkynyň bagtyýar
durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra
dabara gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine
satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny
öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly enjamlarynyň
mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Dabara
gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy, asuda we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ajaýyp
şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Welaýatymyzda 2023 — 2024-nji
okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky
jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki
Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň
ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl
Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa
uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly nesliň
wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.
Soňra «Soňky jaň»
dabaralary orta mekdepleriň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda
dowam etdi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim, medeniýet
müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda
geçirilen çäreler tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Orta mekdeplerde ir säher
bilen Döwlet senamyz belentden ýaňlandy.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly
ruhubelentlik bilen diňlediler. Çykyş edenler uçurymlara ak ýol arzuw
etdiler, ýygnananlary paýtagtymyz
Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylýan
üstünlikleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göreldeli uçurymlaryň
bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpelere bilimler dünýäsiniň «altyn açaryny» gowşurmagy tolgundyryjy
pursatlara baý boldy. Ýürekleri buýsançdan, kalplary şatlykdan doly bagtyýar
uçurymlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursady — 2023 — 2024-nji okuw
ýylynyň üstünlikli tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» sesiniň
ýaňlanmagy bilen, kepderileriň, dürli reňkli şarlaryň al-asmana uçurylmagy
dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ak mekdebiň depesinde erkana ganat kakyp
ýören kepderiler uçurym ýaşlaryň buýsançly göwünlerini alamatlandyryp, asuda
asmanymyza bezeg berdi. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda
ajaýyp döwrümiz, bagtly çagalyk, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri wasp
edildi.
Welaýat
kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Magtymguly etrabynyň
Magtymguly Pyragy muzeýine guralan gezelençler bagtyýar uçurymlaryň şatlygyny
has-da artdyrdy. Kitaphananyň
bölümindäki dürli ugurlara niýetlenilen kitaplar, muzeý işgärleriniň bölümlerde
ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklar baradaky täsirli söhbetleri uçurymlarda uly
gyzyklanma döretdi.
«Soňky jaň» dabarasy
mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilen baýramçylyk çäresi hem
ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary
gyzgyn garşylandy. Bu ýerde zehinli uçurymlara ýadygärlik sowgatlar, welaýat
Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Soňky jaň»
dabarasynyň çäreleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary
guramaçylyga eýe bolup, egsilmejek şatlyk-şowhuna beslendi.

Welaýat häkimliginiň hem-de
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda
häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi»
atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige
beslendi. Ol golaýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly
Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk
etmeginde hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý
komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly
forumdan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleriniň we işjeň agzalarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy
zenanlaryň, mährem eneleriň, talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda
edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly
forum iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm
ähmiýete eýe boldy. Bu forum dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ählumumy
parahatçylygy gorap saklamakda zenanlaryň ornunyň uludygyny, şunda milli
sungatlaryň hem möhüm ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Çykyş edenler möhüm ähmiýete eýe
bolan çärä Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjereniň gatnaşmagynyň, mähirlije
Aýjereniň geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda
şekilindäki gurjagyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny
we bu gurjakdan täsirlenip, ony ilki şekile geçirendigini hem-de onuň esasynda
keşde taýýarlandygyny aýdyp, myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si
Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmeginiň, şeýle hem forumyň
dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban
käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň myhmanlary haly dokalýan enjam bilen
tanyşdyrmagynyň, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý etmek bilen, hormatly
myhman, hanym Şen Ýueýueni dokalyp tamamlanan halyny bilelikde kesmäge
çagyrmagynyň, oňa Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyny sowgat
hökmünde gowşurmagynyň aýratyn buýsandyryjy bolandygyny guwanmak hem buýsanmak bilen
gürrüň berdiler. Türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly
waka öwrülen şeýle çäreleri geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin
Milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Täsirli söhbetlere baý bolan
maslahatda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar belentden
ýaňlanyp, olarda ajaýyp zamanamyz, ösüşlere beslenýän eziz Watanymyz,
dost-doganlyk wasp edildi.