Habarlar
20.05.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, şol gün ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen garşylan ildeşlerimiz bu ýere ýygnananlary ählihalk baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Başymyzyň täjine deňelýän Döwlet baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygyny, bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp sene agzybirligimizi, bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.

Al-asmana uçurylan şarlar, adaja öwüsýän şemala gollarynda ýaşyl Tugumyz erkana pasyrdaýan bagtyýar adamlaryň şatlygy ajaýyp toý gününiň buýsandyryjy alamatlary boldy. «Mähek» aýdym-saz toparynyň aýdym-sazlary,  «Nurana», «Tumar»,  «Bagtyýarlyk» tans toparlarynyň joşgunly tanslary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady.  Nebitçiler medeniýet köşgüniň «Dehistan» folklor toparynyň «Küştdepdi» tansy baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny hasam artdyrdy.

17.05.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçen anna güni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar çärändowamynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň heýkeline ter gül çemenlerini goýup, beýik söz ussadyna tagzym etdiler. Bu ýerde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalaryň çekýän suratlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar, sergide görkezilen amaly-haşam, el işlerine syn etdiler. 

Muzeýiň mejlisler jaýynda ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy bolup, onda halypalar, ýaş şahyrlar çykyş etdiler. Maslahatda akyldar şahyryň döredijiligi baradaky çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde taýýarlan «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly ylmy neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna hem uly orun berildi.

11-nji maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylandym-sazly çykyşlara, edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham joşgunyny berýär. Zehinli ýaşlaryň döredijiliginde ýurdumyzyň beýik ösüşleri, dana Pyragynyň waspy ýetirilýär. Ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra etrabyň Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň muzeýine edilen gezelenç has täsirli boldy. 

15.05.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa  jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Baş Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly ajaýyp çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulyp ýerine ýetirilen tanslar  dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen  utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan «Küştdepdi» tansyny bu ýere ýygnanlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Milli mukaddesliklerimiziň şanyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasy uly ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

 

09.05.2024

Welaýatymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Taryhy senä bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärliginiň ýanynda bolup, welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, hormatly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri bu ýerde ýene bir gezek hormat bilen ýatlanyldy. Dabara ýygnananlar halk hakydasynyň mizemez nyşany bolan «Baky ot» ýadygärligine ter gülleri goýup, Watan üçin söweşen gerçekleriň gahrymançylygynyň öňünde tagzym etdiler.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylykda geçirildi. Olarda pederlerimiziň geçen şöhratly ýoly, uruş döwrüniň kynçylykly günleri ýatlanyldy. Hormatly Prezidentimize uruş weteranlaryna, tylda zähmet çeken ildeşlerimize goýýan hormat-sarpasy üçin alkyş sözleri aýdyldy.

08.05.2024

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri  «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta  hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabarada şäher medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, Beýik Ýeňşiň, dost-doganlygyň waspy belentden ýetirildi. «Miras», «Nurana», «Tumar» tans toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň «Küştdepdi» tansy el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.