
Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde
«Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guran aýdym- sazly
dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara» ady bilen
geçirilen baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet,
saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly
çärede çykyş edenler, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen
tüýs ýürekden gutladylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitler,
gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik
işleri barada gürrüň etdiler. Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly
ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde durnukly ösdürmekde ýetilen we
ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ruhy-medeni
gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda amala aşyrylan giň
gerimli tutumlar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.
Şatlyk-şowhunly
çärede aýdym-sazly çykyşlara giňden orun berildi. Belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlar,
tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl
baýramy wasp edildi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň degişme sahnasy hem
şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň 15-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde
Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýdyp, bu baýramyň bellenilýän
günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli
görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi
çekdi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara
anyk tabşyryklary berdi. Munuň
özi şu günler berkarar Watanymyzyň
her bir raýatyny gurşap alan toý şatlygynyň gözbaşyna öwrüldi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň bu tabşyryklarynyň anyk çözgüdine eýe bolýandygyny
welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna
baranyňda-da doly göz ýetirýärsiň. Söwda nokatlarynda harytlar köp. Bu bolsa
bazar bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini
tassyklaýar. Munuň üçin Täze ýyl baýramçylygyny ýüreklerine jaý edip
garşylaýan, ony mukaddes ojaklarynda agzybirlikde bellemek üçin ýakymly
aladalara berlen bagtyýar raýatlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Göwünleri
toý şatlygyna, dilleri alkyşly sözlere beslenen bagtyýar adamlary aýratyn
begendirýän ýagdaýlaryň ýene biri alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli, ýokary hilli
harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagydyr. Milli buýsanja
öwrülen bu üstünlikde hususy işewürleriň, telekeçileriň uly goşandyny nygtamak
gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly
başlangyçlary, şol döwletli tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde türkmen
işewürleri belent sepgitlere ýetýärler. Häzirki wagtda olaryň hödürleýän
hyzmatlary, durmuşa geçirýän işleri, öndürýän dürli önümleri dünýä bazarlarynda
bäsdeşlige ukyplylygy bilen guwandyrýar.
Täze ýylyň bosagasynda gyzyşan baýramçylyk söwdasyny
synlanyňda, hormatly Prezidentimize ýene bir ýola ýüregiň töründen çykýan
hoşallyk sözlerini aýdýarsyň.

Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara
Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat,
Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş
saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen
gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden
ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.
Dabarada çykyş
edenler bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi
tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini
netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli,
dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Dabarada
baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählumumy bähbitlere
gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.
Welaýatymyzyň
sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda
beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly
medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak
kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.
Halkymyzyň
hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň
özboluşly beýanyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary
welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslendi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk
baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän
medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr
sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.
Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen
bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen
geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara
beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk
çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň
öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat
döwlet drama teatrynyň artustleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň
ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzyň ýagty
ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli
zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnanalara
ruhy lezset paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ulsumyzyň röwşen geljegine
gönükdirilen belent hem döwletli tutumlarynyň mundan beýlägem rowaçlanmagy
baradaky ýagşy arzuwlar bolsa ýerine ýetirilen
döwrebap aýdym-sazlaryň esasy mazmunyny düzdi. Ýokary ruhubelentlige
beslenen dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň birleşen aýdym-saz toparynyň ýerine
ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» diýen aýdymy dabaranyň şatlyk-şowhunyny
has-da artdyrdy.

Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň
28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän
dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär.
Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat
medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaraly
çäre hem şolaryň biri boldy. Aýdym-sazly dabara önümçiligiň öňdebaryjylary,
medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ata Watanymyzy rowana ak
ýollardan okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň
bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini
aýtdylar. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň berkarar ýurdumyzy, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar durmuşymyzy
wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary
dabaranyň şatlyk- şowhunyny artdyrdy.