
Ýaşulularyň halkara güni welaýatymyzda ýokary
ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren
dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň
egsilmezdigi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýandygy, eziz
Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her biriniň
pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözülýändigi barada
buýsanç bilen aýtdylar.
Welaýatyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň
çykyşlaryna hem baýramçylyk çäresinde giň orun berildi. Olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
eşretlerini, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini, pähimdar gojalarymyzy,
mährem enelerimizi wasp edip ýerine
ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.
Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere
welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly
ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda
Balkanabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan gezelençler aýratyn täsirli boldy.
Ýaşulularyň halkara gününiň baýramçylyk dabaralary soňra welaýat
merkezindäki akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň nurana heýkeliniň öňündäki gözel meýdançada dowam
etdi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de welaýatyň adygan aýdym-saz toparlarynyň
ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
rowaçlyklary, ýaşululara goýulýan sylag-sarpa, bolelin ýaşaýşymyz, bagtly
durmuşymyz öz mynasyp beýanyny tapdy.

Welaýat döwlet
drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden
«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat
tapgyry geçirilip, ol türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guraldy.
Bäsleşige gatnaşan
gelin-gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyk görüşleri
barada gürrüň berdiler. Bellenen wagtyň dowamynda keşde çekip, saýlap alan
nagyşlarynyň waspyny çeper beýan etdiler. Özleriniň dürli nagyşlar bilen
sünnälän milli lybaslaryny geýnip, keşdeleriň taryhyny açyp görkezýän
rowaýatlary gürrüň berdiler, keşdeleri goşgularyň we gazallaryň üsti bilen tarypladylar.
Emin agzalarynyň gelen
netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy
Gurbangül Esenowa, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň
Balkanabat şäher şahamçasynyň baş hünärmeni Gülmira Mämmedowa, Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Näzgül
Annagulyýewa bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we onuň döwlet
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk
adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň
raýatlygyna kabul etmek hem-de daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek barada resminamalara gol çekdi. Ýurdumyzyň
ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen
adamlara Türkmenistanyň pasportlaryny we daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.
Welaýat
häkimliginiň mejlisler zalynda geçen dabarada
welaýatymyzda ýaşaýan adamlaryň 64-sine Türkmenistanyň raýatlyk pasportlary,
şeýle hem daşary ýurtlylaryň 19-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar
gowşuryldy. Pasportlara we ygtyýarnamalara mynasyp bolan adamlar özleriniň ýürek
buýsançlaryny beýan etdiler.
Soňra
dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň
ýerine ýetiren buýsançly çykyşlarynda ata Watanymyzyň ajaýyp zamanadaky
ösüşleriniň waspy ýetirildi.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy welaýatymyzda hem
uludan tutuldy. 27-nji sentýabrda ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat
şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda dabara geçirildi. Dabarada Döwlet senasynyň
belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly
ýagdaýda okalyp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra baýramçylyk
gutlaglaryna, giň mazmunly buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Olarda
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent
maksatlaryň, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, belent heňde
ýerine ýetiren şirin aýdymlary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat
döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy dowamly el
çarpyşmalara mynasyp boldy. Aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, belent
maksatly işleriň waspy ýetirildi.
Naýbaşy baýramymyz welaýatymyzyň ähli
etrap-şäherlerinde hem şowhunly dabaralara beslendi.

Balkanabat şäherindäki«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda
paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli
pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi
ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý
sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber
Rahmanowanyň, Türkmenistanyň at gazanan
artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň,
şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň,
Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary
tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly
öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem
ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary
ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze
zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk
duýgularynyň beýanyna öwrüldi.