
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
altyn güýz paslynyň ilkinji güni welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, esasan hem,
mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyňdyr bilim işgärleriniň durmuşynda ýatdan
çykmajak pursatlara beslendi.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde
Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen
üpjün edilen 320 orunlyk täze orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyp,
ulanylmaga berilmegi baýramçylyk gününiň şanly wakalaryň hataryny artdyrdy.
Welaýat häkimliginiň düýpli
gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Myhmansöýer» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden täze orta
mekdebi belentden ýaňlanýan döwrebap aýdym-sazlaryň astynda dabaraly ýagdaýda
ulanyşa tabşyryldy.
Ýaşlara bilim we terbiýe bermekde döwrebap
amatlyklarydyr mümkinçilikleri bolan täze mekdebiň açylyş dabarasynda edilen
çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny hil babatda
dünýä ülňülerine laýyk getirmek barada edýän çäksiz aladalary dogrusynda
buýsançly söhbet edildi.
Täze mekdebiň gurluşygynda
göreldeli zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan
gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy uludan tutulan
baýramçylyk çäresinde ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi.
Täsirli, şowhunly geçen dabarada
medeni çärelere hem giň orun berlip, onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlary, şeýle-de mekdep okuwçylarydyr körpeler çykyş etdiler.
Ýaşuly nesliň ak patasy bilen toý
bagy kesilenden soň, dabara ýygnananlar täze binanyň içine aýlanyp, bilim ojagynda döredilen ähli
döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Bilim ojagynda aýry-aýry derslere
ýöriteleşdirilen lingafon we kompýuter
synp otaglary bar. Okuwçylaryň zähmet
endiklerini kemsiz ele almagy üçin ähli zerur şertleri bolan ýörite zähmet
otaglary göwnüňi göterýär. Täze mekdepdäki açyk we ýapyk sport meýdançalaryny,
naharhanany, mejlisler zalyny, kitaphanany, suw, elektrik, ýyladyş, howa çalşyş
ulgamlaryny uly buýsanç bilen synlap gören ildeşlerimiz ýaş nesle kämil bilim
bermekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly
çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz
ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen
«Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi
bilelikde guradylar.
Dabaraly
çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada
welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary
bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan
sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň
eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de
Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň
mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň
beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada
giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli
çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň
medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy
jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp
barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran
gaýtalandy.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi bilelikde guradylar.
Dabaraly çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran gaýtalandy.

Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy hem-de milli manadymyzyň
dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikde yglan eden
bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
«Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar
zenanlary» ady bilen geçirilen bäsleşige bank ulgamynda zähmet çekýän
gelin-gyzlar gatnaşyp, olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Hünärim bar —
hormatym bar», «Milli aşpezlik ukyplary» atly şertler boýunça özara
bäsleşdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, bank
ulgamynda milli manadymyz dolanyşyga girizileni bäri geçen döwrüň içinde
gazanylan üstünlikler bäsleşige gatnaşyjylaryň buýsançly çykyşlarynda öz
beýanyny tapdy. Şeýle-de olar şertlere laýyklykda, «Bereketli türkmen saçagy»
atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler,
tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň
waspyny goşgulardyr gazallarda ýetirdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenistanyň «Türkmenbaşy»
paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bank kartlary
bölüminiň hünärmeni Maral Şämiýewa birinji, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet
täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň tehniki üpjünçilik bölüminiň
hünärmeni Nargül Hallyýewa ikinji, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet
täjirçilik bankynyň Balkan şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň
hasapçysy Şabibi Durdyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Birinji we ikinji
orunlary eýelänler onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada edilen buýsançly çykyşlarda Gahryman
Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän täze şygryň akyldar şahyrymyzyň dünýä içre
arşa göterilen abraý-mertebesini, oňa goýulýan hormat-sarpany has-da belende
göterendigi aýratyn nygtalyp aýdyldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
atly ajaýyp goşgynyň Gündogaryň beýik akyldary hakynda ýazylan iň gowy
eserleriň biridigi, bu şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli
Lideriniň hormat-sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň nusgalyk derejededigine göz
ýetirmek bolýandygy baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.
Şeýle-de
dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy bilen
baglanyşykly çykyşlara hem orun berlip, bu taryhy çözgüdiň Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerimde durmuşa
geçirilmegi dowam etdirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar
edilmesi bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.
Dabaranyň
dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýygnananlara
ruhy lezzet paýlady.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
kitap sergisine syn etdiler.