
Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 3-nji
orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10 — 11-nji
synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly
döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşikde çykyş eden okuwçylar akyldar şahyrymyzyň watansöýüjilik,
adalatlylyk, ynsan mertebesini belent saklamak, il-güne, ene-ata, ula-kiçä
hormat-sarpaly bolmak hakyndaky şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe örän uly ähmiýete eýedigini öz düzen goşgularynyň üsti bilen
beýan etdiler. Şeýle-de olar beýik Pyragynyň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli
goşgularyndan birini ýatdan aýtdylar.
Netijede, Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Dünýä
Meretgeldiýewa bäsleşigiň baş baýragyna, Balkanabat şäherindäki 23-nji orta
mekdebiň okuwçysy Gülbibi Şyhberdiýewa birinji, welaýat merkezindäki 2-nji orta
mekdebiň okuwçysy Yhlas Gurbanow ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde ýurdumyzda
hereket edýän sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda
«Aýdym aýtmak sungatyny kämilleşdirmegiň usullary» atly okuw-usuly maslahat
geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bäş welaýatyndan wekiller — sazçylyk we sungat orta
hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw-usuly maslahatda birnäçe mowzukdan çykyşlar diňlenildi.
Soňra myhmanlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Ol
ýerde dürli taryhy tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Maslahata gatnaşanlar Balkan welaýat ýörite sungat
mekdebiniň talyplarynyň Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň «Kemine we kazy»
operasyndan taýýarlan bir parçasyna tomaşa etdiler. Mugallymlaryň bilelikdäki
konserti ýurt derejesinde geçen çäräniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Welaýat Saglygy
goraýyş müdirliginiň, welaýat kitaphanasynyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda
çäre geçirildi.
Saglygy goraýyş we
medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede edilen
çykyşlarda ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulýan döwründe ýurdumyzda
sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän
işleriň nusgalykdygy barada aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany
hökmünde dünýäde gazanan abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegi
babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigi çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde, sagdyn
ýaşlary ýetişdirmekde beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden alkyş aýdyldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak
ministrliginiň welaýatymyzdaky «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr»
maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda 58 müň 130 ene goýundan 53 müň owlak-guzy we 3 müň 120 düýeden 744 köşek
almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Maldarlaryň gazanan zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk
pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny
höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňyn netijelerini berýändiginiň aýdyň
subutnamasydyr.
Gazanylan üstünlikde Gyzylarbat
etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlarynyň mynasyp goşantlary
bar. Hojalygyň
maldarlary şu ýyl dowarlardan 14 müň 635 owlak-guzy we düýelerden 495 köşek
aldylar. Olar şu günler gazanan zähmet üstünliklerini berkitmek bilen birlikde,
mallary ot-çöpi ýetik bolan öri meýdanlarynda bakýarlar. Jogapkärli möwsümde
alnan ýaş mallaryň ählisi össürime goýberildi — diýip, «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň
ýolbaşçysy Hemra Seýitjanow gürrüň berdi.
Welaýatymyzyň maldarlary şu günler mallary Garagum
sährasynyň jümmüşindäki we Köpetdagyň gerişleriniň, Uly hem-de Kiçi Balkan
daglarynyň eteklerindäki amatly örülerde talabalaýyk bakýarlar.
Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleri
yzygiderli artdyrmaga berýän taýsyz hemaýat-goldawlary üçin maldarlar hormatly
Prezidentimize alkyş aýdýarlar.

Saz sungatyna höwesli has zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny
kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi we welaýat
ýörite sungat mekdebi bilelikde 2023-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurym
okuwçylaryň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zehinleri» atly
bäsleşik geçirdiler.
Bäsleşikde welaýat ýörite sungat
mekdebiniň we etraplaryň, şäherleriň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary
bagşy, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp
çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary hünärleri boýunça
başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik ýaşlaryň has zehinlilerini
saýlady. Onda ýeňiji bolanlara welaýat medeniýet müdirliginiň we welaýat ýörite
sungat mekdebiniň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik
sowgatlary gowşuryldy.