Täze
ýyl baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabara her ýylda
bolşy ýaly, Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi bilen başlanyp, şatlyk-şowhuna
beslendi. Üsti naz-nygmatly toý saçagynyň başynda jemlenen adamlar birek-biregi
Täze ýyl baýramy bilen gutlap, ýagşydan-ýagşy arzuwlar etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşen halkymyz uly ösüşler we özgertmeler bilen hakydamyza ornaşan 2025-nji ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2026-njy ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes Watanymyzyň oňyn başlangyçlara, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleri dünýä ýüzüne ýaň salýar, il-ýurt bähbitli beýik işleriň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Şunuň ýaly köpugurly tutumlar taryha ýazylýan her bir ýylymyzyň şan-şöhrata beslenýändiginden habar berýär. Edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Belentden ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar, döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary baýramçylyga özboluşly öwüşgin berdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, Täze ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň, ajaýyp döwrümiziň, dost-doganlygyň, agzybirligiň waspy ýetirildi.
Bereket
etrabynda «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümleri ösdürip ýetişdirmek
üçin guran döwrebap ýyladyşhanasynyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.
Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
rowaç ösüşleri bilen gutlap, halkymyzyň bereketli saçaklarynyň dürli nygmatlara
baý bolmagy ugrunda halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri
üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini aýtdylar. Medeniýet we sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor we
tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.
Dabaraly açylyşdan soň ýyladyşhananyň içine aýlanyp görenler Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Diýarymyzda
telekeçilik pudagynyň dünýä derejesine göterilýändigine ýene bir gezek aýdyň
göz ýetirdiler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen
döwrebap ýyladyşhanasy Niderlandiýada, Türkiýede, Gresiýada öndürilen enjamlar
bilen üpjün edilipdir. Döwrebap tehnologiýalar ýyladyşhananyň ýylylyk,
çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda möhüm
ähmiýete eýedir.
Mälim
bolşy ýaly, «Nurly meýdan» daýhan
hojalygy ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda amala aşyrylýan giň
mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýokary önümçilik görkezijilerini
gazanýan hususy kärhanalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda
telekeçiligi ösdürmäge berýän üns-aladalaryndan ruhlanýan daýhan hojalygynda
öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga, ýerden, suwdan rejeli
peýdalanmaga niýetlenen kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.
Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip
ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 10 gektara, umumy tutýan meýdany
bolsa 13,6 gektara barabar bolan ýyladyşhana birbada täze iş orunlarynyň
150-den gowragyny
döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýerde agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän
pomidorlary ýygnamak işi geljek ýylyň tomus aýyna çenli dowam eder.
Ýyladyşhanada ýygnalýan pomidor hasylynyň içerki bazarlardan artan bölegini
daşarky bazarlara satuwa ugratmak göz
öňünde tutulýar.
Welaýatymyzda
Täze ýyl baýramçylygynyň esasy çäreleriniň biri bolan Baş arçanyň yşyklarynyň
ýakylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Gojaman Hazar deňziniň mawy
tolkunlaryny, gözel dag tebigatyny synlap gelen Aýazbabadyr Garpamyk nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan körpeler
bilen sebitdäki kaşaň we täsin binalara
gezelenç etdiler, täze ulanmaga berlen desgalardyr önümçilik binalary bilen tanyşdylar.
Täze ýyl dabarasynyň hormatly myhmanlary
dünýä jahankeşdeliginiň merjeni hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerini synladylar. Olar aýdym-sazlara
beslenen dabaralarda kalplary buýsançdan doly körpelere öz ýurdumyzda
öndürilýän dürli süýjüliklerden
taýýarlanyp, ýaraşykly gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlaryny
gowşurdylar. Azaýbabadyr Garpamyk Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsine baryp gördüler. Arzyly myhmanlar soňra
nebitiň we gazyň baý gorlary jemlenen Uzynada
baýlyklar känine tarap ýola
düşdüler.
Aýazbaba bilen Garpamygyň Balkanabat
şäherine gelmegi, welaýat kitaphanasyna baryp,
bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
zehinlerinden dörän kitaplary okap görmegi hem çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Olaryň
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bolup, körpelere Täze ýyl
sowgatlaryny paýlamagy aýratyn ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Täze
ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy köpçülikleýin toý ýörişi bilen
başlanyp, buýsançly çäreleriň üstüni ýetirdi. Toý ýörişiniň dowamynda asuda,
abadan döwrümizi peşgeş beren, okamaga
we döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözler belentden
ýaňlandy.
«Türkmeniň
ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatymyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň
yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna beslendi.
Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşy bilen welaýatymyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny
ýakdylar. Dürli öwüşginlerde şugla saçýan yşyklar Täze ýyl arçasynyň bezegini
öňküdenem artdyryp, bu ýeriň gözelligine gözellik goşdy.
Nebitgaz
senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat
şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» diýen
at bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň
edara-kärhanalaryndan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden, geologiýa pudagyndan jogapkär
adamlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly
nesliň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly
maslahat hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz
senagaty we geologiýa işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagynyň okalmagy bilen
başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk gutlagyndan ruhlanan
nebitçilerdir gazçylar, geologlar hem bu çärede çykyş
edip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli
ykdysadyýetimiziň binýatlyk sütünleriniň biri bolan nebitgaz ulgamynda we
geologiýa pudagynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler, ägirt uly
özgertmeler dogrusynda buýsançly gürrüň
etdiler.
Maslahatyň
dowamynda göreldeli zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara we geologlara hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde
ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar dabaraly çärä aýratyn ruhubelentlik nuruny
çaýdy. Ol aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň, erkana hem eşretli
ýaşaýşymyzyň waspy belentden
ýaňlandy.
Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk gününiň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly
30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň
esasy çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden
başlandy. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde
guramagynda geçirilen dabarada Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanmagy bilen, ýaşyl
Tugumyz al-asmana göterildi. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, baky
Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler
dogrusynda gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen
garşylandy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor, tans toparlarynyň
çykyşlary bilen utgaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, il
agzybirliginiň, ýurt asudalygynyň waspyny ýetiren täsirli çykyşlar baýramçylygy dürli derejeli toý çäreleri
bilen garşylaýan halkymyzyň baky Bitaraplygymyza bolan egsilmez buýsanç
duýgularynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Soňra dabara «Türkmeniň ak öýi»
binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap toýuň gutly
bolsun, jan Watan!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre bilen dowam etdi. Onda
halypa aýdymçylaryň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň, welaýat
ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, tans we folklor toparlarynyň şowhunly
çykyşlary sungat muşdaklary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Belentden
ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, baky Bitaraplygymyzyň waspy
ýetirildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri edebi-sazly kompozisiýa
bilen çykyş etdiler. Daşary ýurt aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi çäräniň
şatlyk-şowhunyny artdyrdy.
Baýramçylyk konsertine gatnaşan sungat wekilleriniň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly ýaňlanan «Bitarap eziz Watan» diýen aýdym halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hem-de ýurt berkararlygyna bolan beýik söýgüsini aýdyň görkezdi