Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň
Balkanabat şäher geňeşiniň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat
kitaphanasynda «Milli demokratiýanyň kämilleşmegi — okgunly ösüşiň binýady»
atly maslahat geçirildi.
Saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň
işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda 11-nji
ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň
bilelikdäki maslahaty geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň
Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürendigi, munuň bolsa
ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky
subutnamasydygy barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Il-ýurt bähbitli döwletli
başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we
sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň
Balkanabat şäher bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda
maslahat geçirildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen geçirilen maslahatda edilen
çykyşlarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda 2023-nji
ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagyny
ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň çuňňur hoşallyk duýgulary bilen garşylandygy
buýsanç bilen bellenildi. «Bu ýylda hem ýurdumyzyň abraý-mertebesi has-da
artýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň
dünýäde uly goldaw tapýandygyny biz gündelik durmuşymyzda görüp ýörüs.
Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýaşlaryň bu ýylda has-da uly
işleri amala aşyrjakdyklaryna ynanýarys» diýlip, çykyşlarda aýratyn nygtalyp
geçildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat toý ruhuna beslendi. «Röwşen
geljek siziň bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» diýen at bilen geçirilen
maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, şöhratly
taryhymyzda orun alýan her bir ýyl şanly wakalary, taryhy pursatlary, gazanylýan
köptaraply üstünlikleri bilen bagtyýar durmuşymyzy nurlandyrýar. «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýyly hem taryhy wakalara, beýik özgertmelere, dünýä ähmiýetli döwletli
tutumlara baý ýyllaryň biri boldy. Parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesi täze
belentliklere göterildi.
Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegine,
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik işlerine
egsilmez buýsanjyň, bu işleriň mundan beýläk-de giň gerimlerde dowam etdirilmegine
bolan çäksiz isleg-arzuwlaryň özboluşly beýany bolup durýandygyny nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-
kuwwatydyr, abraý-mertebesidir hem-de beýik geljegidir. Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda täze taryhy eýýamyň rowana ak ýolundan okgunly öňe barýan
berkarar ýurdumyzda bu hakykat has-da dabaralanyp, tutuş dünýä ýaň salýar. Hormatly
Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we
dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hem-de ulgamlarynda
halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen uzak möhletleýin milli we döwlet
maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde netijeli zähmet çekýärler.
Telekeçilik hem-de jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň kuwwatyny
artdyrmaga, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlaryny
pugtalandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda» bolsa ýüregi arzuwly, kalby joşgunly ýaşlara bu ugurlarda täze belent
sepgitler garaşýar. Dabaraly maslahatda «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini
gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, ýaş nesle uly ynam bildirýän Arkadagly
Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşly sözler aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda täze taryhy eýýamyň
rowaçlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň ilhalar başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň
beýik tutumlary, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ösüşlere beslenýän günleri
wasp edildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «gara
altyny» senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan dürli nebit önümleri
sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. Toplumda geçen ýylyň
dowamynda ýokary islege eýe bolan awtobenzinleriň jemi 1 million 542 müň
204 tonnasy çykarylyp, meýilnama 113,7 göterim ýerine ýetirildi. Çykarylan
awtobenzinleriň möçberi göz öňünde tutulandan 186 müň 218 tonna köpdür.
Öndürilen ýangyç kerosininiň mukdary 426 müň 147 tonna ýetip, gazanylan
üstünlik 109,3 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işleýjiler dizel ýangyjynyň 1
million 488 tonnadan gowragyny öndürmek bilen, öňde goýlan tabşyryga 109,6
göterim hötde gelmegi başardylar. Zawodlar toplumynda çalgy ýaglaryny
öndürmekde iş meýilnamasy 106 göterim amal edilip, onuň çykarylan möçberi
57 müň tonnadan geçdi.
Welaýatymyzda Täze ýyl arçalarynyň baýramçylyk yşyklarynyň ýakylyş
dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Asuda çaýkanyp ýatan gojaman Hazaryň üsti bilen milli gämimizde uzak
ýollary aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamygy bagtyýar çagalar ýokary
ruhubelentlik duýgusy bilen garşyladylar. Deňiz kenarlaryndan Türkmenbaşy
şäheriniň gözelliklerini synlan Aýazbabadyr Garpamygyň gadamy mawy
Hazaryň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky biri
beýlekisinden zyýada myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň
üstünden düşdi. Täze ýylyň arzyly myhmanlary ýolugra deňizýaka şäherde
ulanmaga berlen köpugurly hassahanasynyň gözel binasyny, Halkara deňiz
portuny synlap, welaýat merkezine sary ýollaryny dowam etdiler.
Welaýat merkeziniň merdana hem agzybir ýaşaýjylary uzak ýoldan gelen
Aýazbabadyr Garpamygy mähirli garşyladylar. Balkanabat şäherindäki döwrebap
täze binalaryň nurana görnüşleri Aýazbaba bilen Garpamygyň nazaryny
özlerinde egledi.
Aýazbabadyr Garpamyk soňra Bereket etrabynyň çäginde täze açylan
Galkynyş şäherçesine bardylar. Döwrebap şäherçede 300 hojalyga niýetlenen üç
we dört otagly öýler, ajaýyp binalar bagtyýar ýaşaýjylar üçin zerur bolan ähli
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilendigini tassyklaýar.
Belent başly Sünt-Hasar daglaryndan aşyp, tebigatyň juda täsin gözelligini
synlap, Magtymguly etrabyna gelen arzyly myhmanlar etrap merkezindäki
Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki taryhy gymmatlyklary höwes
bilen synladylar. Täze ýylyň hormatly myhmanlarynyň ruhubelent gezelenji
soňra Esenguly etrabynda täze gurlan «Arkadagyň nesilleri» çagalar medeni dynç
alyş merkezinde dowam etdi.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde welaýatymyzyň Täze ýylyň Baş
arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna
eýe boldy. Türkmen müçenamasyndaky ýyllaryň eýeleri bolan dürli haýwanlaryň
keşplerini janlandyran körpeler Aýazbaba bilen Garpamygy şatlyk-şowhun bilen
garşy aldylar. Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşyny ýerine
ýetirip, welaýatyň Täze ýylyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Dürli
öwüşginlerde şugla saçýan ajaýyp yşyklar, asmana uçurylan howa şarlary,
döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerini
şatlyk-şowhuna besledi. Aýazbabadyr Garpamykdan Täze ýyl sowgatlaryny alan
çagalar bezemen arçanyň daşynda döwre gurap aýlandylar. Olar bagtyýar
çagalygy, ajaýyp döwrümizi, Täze ýyly wasp edýän goşgulary, aýdymlary
aýtdylar, küşt depip, tans etdiler. Özleriniň Täze ýyl arzuwlaryny beýan etdiler.
Bagtyýar çagalyk üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza
egsilmez alkyş aýtdylar.
Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary welaýatymyzyň ähli
etraplarydyr şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslenip, çagalaryň ata
Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, egsilmez söýgüsiniň aýdyň beýanyna
öwrüldi.