Welaýatymyzda galla oragy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýat
häkimliginde dabaraly maslahat geçirilip, onda galla oragyny ýokary derejede
geçirmek üçin görlen taýýarlyk, möwsümiň dowamynda bökdençsiz işlediljek kombaýnlaryň
iş düzgünleri, ýygnalan hasyly isrip etmän saklamagyň kadalary, howpsuzlyk
düzgünlerini berk berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Oba
hojalygynda uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna
alkyş sözleri aýdyldy. Maslahatdan soňra galla oragyna gatnaşjak mehanizatorlar
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerde ýerleşdirilen muzeý
gymmatlyklary, halkymyzyň gadymy ekerançylyk däpleriniň beýany bolup durýan taryhy-medeni
gymmatlyklar bilen tanyşdylar hem-de olar baradaky täsin gürrüňleri diňlediler.
Galla oragy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan
birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda guralan dabara has-da ýatda galyjy boldy.
Bu ýerde medeni çärelere giň orun berlip, oba hojalyk önümleriniň sergisi
guraldy, şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy alyslara ýaň saldy. Soňra dilleri
senaly ýaşulularyň «Bismilla!» diýip başlap bermegi bilen galla oragyna
girişildi. Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý ekilen 50 müň gektar
meýdandan 80 müň tonna däne hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Bu sepgide
ýetmek üçin möwsümiň dowamynda kuwwatly kombaýnlaryň 156-sy, awtoulaglaryň
780-si bökdençsiz işlediler. Düzüminde degişli hünärmenler bolan tehniki hyzmat
ediş toparlarynyň bolsa 26-sy galla oragyna gatnaşýan tehnikalara hyzmat ederler.
Ak bugdaýly awtoulag kerweniniň Serdar etrabyndaky galla kabul ediş kärhanasynda
garşylanyş dabarasy hem özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Medeniýet we sungat
ussatlarynyň gallaçylarymyzyň zähmet üstünliklerini, saçaklaryň rysgal-berekedi
bolan ak bugdaýy, bagtyýar durmuşymyzy, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň
taryhy tutumlaryny taryplaýan şirin aýdym-sazlary, milli tanslary dabara özboluşly
bezeg berdi. Şunuň ýaly şatlyk-şowhunyň astynda galla kabul ediş kärhanasynda
ak bugdaýyň ilkinji tonnalary düşürildi.
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
ajaýyp sahnasynda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň hem-de wäşileriniň
täsirli çykyşlary welaýat merkeziniň bagtyýar ýaşaýjylaryna ruhy lezzet
paýlady. Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň, Dilber
Rahmanowanyň, Züleýha Kakaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aly
Alyýewiň, şeýle-de ýurdumyzda giňden tanalýan Durdy Durdyýewiň, Mähri
Pirgulyýewanyň, Bilbil Ahmedowanyň ajaýyp aýdymlary, Täçmämmet Annagulyýewiň,
Rahat Baýramowyň degişme sahnalary tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Üç
günläp dowam eden çykyşlarda medeniýet we sungat ussatlary Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Diýarymyzyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini täze
belentliklere götermekde üstünlikli durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny,
bagtyýar durmuşymyza bolan synmaz söýgini, mukaddes Watanymyzy tarypladylar.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki
«Nebitçi» myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada welaýat häkimliginiň, welaýat
daşky gurşawy goramak müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň
bilelikde guramaklarynda dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky
gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli
ylmy-ensiklopedik eseri, bu eserde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden
taýýarlanylan melhemlik çaýlar, şeýle hem Balkanabat şäheriniň çagalar
çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk suratkeşleriniň nakgaş eserleri goýlan sergi
ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.
Ýokary ruhubelentlige beslenen dabara Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini, ýurdumyzyň ösüşlerini, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlara ulaşdy. Çäräniň ahyrynda edara-kärhanalarda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işlerde görelde görkezýän hünärmenleriň birnäçesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy. Onda çykyş edenler bagtly çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramakda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň beden we ruhy saglygy baradaky taýsyz tagallalarynyň, bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň ähmiýetini buýsanç bilen nygtadylar. Çäräniň dowamynda sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bütindünýä welosiped güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Şol gün ir säherden welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde medeni-sport çärelerine badalga berildi. Baýramçylyk gününiň esasy çäresi köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolup, welaýat derejesindäki ýöriş Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasyndan «Ilkinjileriň» ýadygärligine çenli ençeme kilometre uzan ýörişe gatnaşyjylar ýol ugrunda medeni-sport çäreleriniň şaýatlary boldular. Birnäçe ýerlerde guralan çärelerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly ýerine ýetirilen tanslarda Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp zamanamyzda amala aşyrýan beýik işleriniň, günbe-günden ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Halklary ýakynlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän Bütindünýä welosiped gününiň çärelerine gatnaşan her bir raýat ajaýyp zamanamyza, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini öwran-öwran dile getirdiler.