Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat ýörite sungat mekdebi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebi bilen bilelikde «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli geçiren dabaraly çäresine edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar
gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda ösüş-özgerişleriň sazlaşykly alnyp barylýandygy, aýratynam, ýaş nesliň berk
bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn
kämil, Watanymyzyň daýanjy bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açylýandygy, olaryň ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşan
goşýandyklary barada buýsanç bilen söhbet edildi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň,
çeper höwesjeňleriň ýerine
ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda eziz
Diýarymyzyň waspy belentden ýetirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
ilkinji ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleri üstünlikli tamamlaýan
uçurymlaryň durmuşynda bagtly pursatlaryň biri bolan «Soňky jaň» dabarasy
welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyna gül goýmak
çäresinden başlandy. Uçurymlar ata Watanymyzyň berkararlygynyň baş nyşanlarynyň
biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül desselerini goýup, oňa tagzym etdiler. Soňra dabaralar welaýat merkezindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen
21-nji orta mekdeplerde dowam etdi. Bagtyýar uçurymlar, bilim işgärleri,
ata-eneler welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de medeniýet
müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen
şowhunly dabaralaryň arzyly myhmanlary boldular. Mekdep müdirleriniň dabaralary
açyk diýip yglan etmekleri bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden
ýaňlandy.
Göreldeli uçurymlar bilim ojagynyň
bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpelere bilimler dünýäsiniň «altyn
açaryny» dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Şeýle-de dabarada okuwda aýratyn
tapawutlanan uçurymlar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
sowgatlara, jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryna, welaýat Baş
bilim müdirliginiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Ýakymly pursatlaryň dowamy soňky
jaňyň owazyna ulaşdy. Şol pursatda uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak
kepderiler, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi.
Dabaralaryň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy pursatlary, paýtagtymyz Aşgabadyň
gözellikleri, abadan durmuşymyz taryplandy.
Uçurymlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan
gezelençler ýatda galyjy pursatlara beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňünde
guralan aýdym-sazly çykyşlar dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde onlaýn görnüşinde abraýly halkara bäsleşikleriň biri — UNIPO — 2022 halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy
Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda bu mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Eziz
Tatarow we 10-njy synp okuwçysy Meýlis Gaýypgulyýew
gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylaryň
IT programmalaşdyrmak ugry boýunça
hödürlän «Sagdyn durmuş» atly
programmasy altyn medala mynasyp
görüldi.
Halkara bäsleşige
Indoneziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Laosdan, Makedoniýadan, Mozambikden, Mýanmadan, Türkiýeden, Wýetnamdan, Russiýadan,
Özbegistandan... alty ugur boýunça zehinli okuwçylaryň 100-e golaý işi
hödürlenildi. Şolaryň arasynda türkmen ýaşlarynyň saýlanyp, baýrakly orna
mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet
Baýdagynyň 30 ýyllyk şanly seneleri mynasybetli Esasy
Kanunymyzyň mazmunyny onda beýan edilen kadalary ýörelgeleri adam hukuklaryny
azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan işleri düşündirmek,wagyz
nesihat etmek, Döwlet Tugumyzy dabaralanmak maksady bilen ýaş raýatlarda hukuk
kämilligini kemala getirmek ösdürmek, adam hukuklary baradaky düşünjeleri ýokarlandyrmak
we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
maksady bilen Serdar şäheriniň 11-nji, 12-nji, 13-nji
orta mekdeplerinde TDP-nyň Serdar şäher komiteti, Serdar
şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebi, TMÝG-nyň
Balkan welaýatynyň Serdar şäher Geňeşiniň
gurnamagynda wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşukda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, durmuş we
medeni ulgamlarda giň möçberli özgeritmeler amala aşyrylýar. Demokratik
dünýewi huk döwletiniň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli ulgamlarynyň hukuk taýdan
kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Döwlet
Baýdagymyz biziň milli guwanjymyz we buýsanjymyzdyr.Ýaşyl tugumyz ýaş
nesillerde watan söýjüligi terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak
gymmatlykdyr,türkmen döwletiniň,milletimiziň synmaz nyşanydyr diýip belläp
Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömrüniň uzak bolmagyny arzuwladylar.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar. «Nebit-gaz» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, täze guýuda bir gije-gündizde 91 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit-kondensatynyň senagat akymyny almak mümkinçiligi bar. Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary 2022-nji ýylyň geçen 4 aýynda önümli guýylaryň jemi 10-sy nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 52 müň 196 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.