Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri uly şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk
gününde welaýat
merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda belentden ýaňlanan Döwlet senasynyň owazy astynda ýaraşygy ýazdan alan ýaşyl Tugumyz dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Bu ýerde baýramçylyk mynasybetli buýsançly çykyşlara, gutlaglara giň orun berildi.
Soňra Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň 30 ýyllyk baýramynyň göwünleri galkyndyryjy dabaralary welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, halk döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary bilen dowam etdi. Baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşan adamlaryň ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan guwanjyny has-da artdyrdy. Esasy Kanunymyzyň hem-de ýaşyl Tugumyzyň şanyna welaýatymyzyň ähli ýerlerinde belentden tutulan baýramçylyk çäreleri uly ruhubelentlik, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçdi.
Türkmenbaşy etrabynda Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin niýetlenen täze döwrebap köpri ulanylmaga berildi. Welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen köpriniň açylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açylan täze köpriniň gurluşyk işleri Balkan awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň köpri gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Balkan ýol gurluşyk müdirliginiň, «Balkanenergogurluşyk» dolandyryş edarasynyň hünärmenleri hem bu işe mynasyp goşantlaryny goşdular.
Döwrebap köpriniň uzynlygy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň jahankeşdeleriniň gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda ünsüňi özüne çekýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş we sagaldyş, myhmanhana, sport toplumlarynyň ençemesi bar. Tapgyrma-tapgyr gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Sanaýmalyja ýyllaryň içinde bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän hem-de milli binagärlik usullarynyň sazlaşygyndan dörän binalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanyp, 1-nji sentýabryna çenli dowam eder. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gözel Awazada raýatlarymyzyň ýokary derejede dynç almaklary üçin ähli amatlyklar üpjün edildi. Gözelligi kalplara şugla saçýan, syýahatçylygyň merjeni Awaza ýene-de gujagyny giňden açar. Oňa ýene-de ähli ýerlerden myhmanlar geler. Bu künjekde eşretli döwrümizde eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyny subut edýän çäreler biri-birine ulaşar.
15-nji maýdan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi başlandy. Möwsüm 1-nji sentýabra çenli dowam eder. «Awazada» dynç alyş möwsümini geçirmek isleýän raýatlar öňünden onlaýn tertipde özleriniň dynç aljak myhmanhanalaryndan ýa-da kottejlerinden ýer belläp (bronlap) bilerler. Munuň üçin olar awaza.gov.tm web saýtyndan işjeň peýdalanyp bilerler. Raýatlar web saýtyna girip, oňa öz telefon belgilerini, ýa-da elektron poçtalarynyň adresini girizip, web saýtyň baş sahypasynda dynç aljak myhmanhanasyny ýa-da kottejini saýlap, oňa dynç aljak senesini we adam sanyny, şeýle-de özüne gerekli otag bilen bagly maglumatlary girizmeli.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody yzygiderli gämi gurmak üçin taslamalary amala aşyrmaga azyndan 7 — 10 ýyl tejribesi bolan, şeýle-de ýokary bilimli we ýokary hünär derejesi bolan daşary ýurtly we ýerli inženerler hem-de hünärmenler üçin iş ornunyň bardygyny yglan edýär. Bu wezipelerde zähmet çekjek hünärmenleriň zähmet haklary şertnama esasynda daşary ýurt walýutasynda amala aşyrylar. Bildirişde bellenilişi ýaly, tasmalany ýerine ýetirmek üçin işe kabul ediljek hünärmenler iýmit we ýatak jaýy bilen üpjün ediler.
Işe girmek isleýän daşary ýurtly we ýerli hünärmenler şu aşakdaky salgy boýunça habarlaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji jaýy.
Telefon belgileri:
- (+993 243) 4-94-41,
- (+993 243) 4-94-43,
- (+993 243) 4-94-46.
Fax: (+993 243) 4-95-42.
E-Mail: info@balkanshipyard.com.tm, www.balkanshipyard.com.tm