Habarlar
14.05.2022

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary Akpatlawuk, Kemer, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Goturdepe, Uzynada ýaly nebitgazly meýdançalardaky gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda burawlaýyş işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Täze nebitgaz ýatagy bolan Porsy meýdançasyndaky 4-nji guýuda burawlaýyş işlerini alyp barmak hem şu müdirligiň burawlaýjylaryna ynanyldy.

Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän nebitgaz känleriniň köpüsiniň atlarynyň bu ýerdäki läbik wulkanlar bilen baglanyşykly bolmagy tötänden däldir. Sebäbi şeýle wulkanlar Zemin jümmüşindäki nebitiň we gazyň güýçli basyşy esasynda döräp, olar ýerasty baýlyklaryň alamaty bolup durýar. Porsy meýdançasynyň ady hem şu ýerdäki läbik wulkanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Türkmen geologlarynyň çaklamalaryna görä, bu meýdançada nebitgazly önümli gatlaklar heniz doly açylmadyk hasaplanylýar. Taslama çuňlugy 3250 metr bolan täze guýy Hytaýda öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kuwwatly buraw desgasy bilen gazylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine besle-megi maksat edinip işleýän, tejribeli ussa Amangeldi Mämmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň burawlaýjylary eýýäm 1600 metr çuňluk burawlamagyň hötdesinden geldiler.

13.05.2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň ahyryndan başlap, Kerkiden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawy ýola goýlar. Ozal bu şäherleriň arasynda göni uçar gatnawy ýokdy. Uçar gatnawy her hepdäniň duşenbe güni «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Boeing 737-700 uçarynda amala aşyrylar. Belläp geçsek, Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan howa menziliniň sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

10.05.2022

Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet hem-de welaýat Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň 22-si gatnaşdy.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşikde kalplary ata Watana buýsançdan doly körpeler, çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş zehinleriň belentden ýerine ýetiren aýdym-sazlary berkarar ýurdumyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy bolup, dabaraly çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda zehinli çagalary ýüze çykarmakda, sungata söýgi döretmekde, olaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. 

30.04.2022

Ähli döwürlerde hem milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, guwanjymyz, tutumly toýlarymyzyň bezegi bolan bedewlerimiziň hormatyna toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy şu ýyl welaýatymyzda has-da giňden bellenildi. Esasy dabaralar hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Balkan atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna giňden ýaýbaňlandyrylan şunuň ýaly dürlçärelerden, joşgunly ýaňlanaaýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar atçylyk sport toplumynyň döwrebap çapuw meýdançasynda biri-birine ulaşan at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmaklarynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly, şeýle-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşyklarynda bedewler özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler. Öňdeligi eýelän bedewleriň çapyksuwarlaryna hormatly Prezidentimiziň baýragy, gymmatbahaly sowgatlar janköýerleriň şowhuny astynda gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dürli dabaralar ahalteke atlarynyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atşynaslyk sungatymyzyň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan möhüm işleriň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. 

16.04.2022

Ýakyn geljek ýyllarda welaýatymyzy ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan işler sebitiň senagat pudaklaryna iri maýa goýumlaryny çekmegi üpjün eder. Ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine ýardam berer. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara polat ýoly, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty ýaly iri ulag-logistika ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda, üstaşyr ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylar. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ulag-logistika ulgamynyň mümkinçilikleriniň gerimini has-da giňelder. Sebitiň şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan wezipeler hem guwandyryjydyr. Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdeleriniň göz öňünde tutulyp, himiki serişdeleriň täze görnüşlerini, ýod, brom we brom önümleriniň, kaustik sodanyň, hlor we hlor önümleriniň önümçiliklerini ýola goýmakda alnyp barylýan işler hem bellenmäge mynasypdyr.  

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanmaga berlen 400 orunlyk köpugurly hassahana bu hakykaty doly tassyklady. «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, bölümleriň 27-sini özünde jemleýän bu hassahana iň kämil lukmançylyk enjamlaryna daýanmak bilen, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün eder. Köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň üçüsiniň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.