Habarlar
17.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilen bu binanyň düýbüniň tutulyş dabarasy bolup, oňa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, onuň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary, medeniýet işgärleri, kümüş saçly eneler, il sylagly ýaşulular hem-de gurluşykçylar gatnaşdylar.

Bu dabaraly çäre ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligniň Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans toparynyň ajaýyp tansy bilen açyldy.

«Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary uzak ýyllaryň dowamynda milli öwüşgünli halkyň gadymy däplerini özünde jemeleýän, rurhubelent tanslary bilen çykyş edip gelýär. Türkmen medeniýetiniň ajaýyp däplerini şöhratlandyryp, ýaş ýigitler we gyzlar milli saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazyna çykyş edýärler.

Çärä gatnaşanlar tans toparynyň çykyşlaryny gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Daş-töweregi şatlykly pursatlar gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde döredijilik toparlary üçin medeniýet we sungat merkezini milli öwüşginli täze binasy paýtagtymyzayň görküne görk goşar.

Täze bina 2024-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berler. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň gurulmagy bilen, sazandalar, tansçylar, tutuş topar üçin has ýokary şertlerde döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikler bolar. Bu sungat köşgünde tans zallary, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin sport zaly her bir sungat işgärine gapysyny giňden açar.

Bu çärä gatnaşanlar ýadawsyz aladalary we taýsyz tagallalary üçin milli Liderimize özleriniň hoşallyklaryny aýtdylar. Döredijilik işgärleri üçin bu sungat merkeziniň bina edilmegi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýlaşmagyna hem-de mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegine öz mynasyhp goşandyny goşar.

17.02.2022

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary apreliň 10-12-si aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görüp başlady.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda aýdylyşyna görä, 19-njy fewralda Aşgabatda tamamlanjak türgenleşik üçin ýurdumyzyň esasy toparynyň düzümine milli Ýokary liganyň sekiz toparyndan 17 futzal oýunçy çagyrylypdyr.

Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary her gün iki gezek Olimpiýa şäherçesinde türgenleşik geçirýär.

Futzal boýunça Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama oýunlarynda geografiýa taýdan 4 zolaga bölünen 30 toparyň bäsleşjekdigini ýatladýarys.

Ozal geçirilen bije çekişligine laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Eýranyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň we Maldiwiň toparlary bilen bilelikde «A» toparynda «Merkez we Günorta» diýen birleşen zolaga düşdi. Beýleki, ýagny «B» topar Özbegistany, Täjigistany, Owganystany we Nepaly öz içine alýar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ilkinji oýnuny 10-njy aprelde meýdança eýeleri – gyrgyzystanly türkgenler bilen duşuşar. Ertesi gün bolsa Aziýanyň 12 gezek çempiony Eýran bilen duşuşar. Saýlama ýaryşyny 12-nji aprelde Maldiw toparyna garşy oýun bilen tamamlar.

Jemleýji tapgyra her topardan iň gowy iki topar çykar.

Konfederasiýanyň iň güýçli 16 futzal ýygyndy toparynyň çykyş etjek Aziýa Kubogy-2022-niň soňky ýaryşy 25-nji sentýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.


16.02.2022

Şu günler Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatry ýaş toýuny toýlaýar.

15 ýyl mundan ozal düýbünden täze binanyň sahnasynda tomaşaçylary režisýorlyk sungatynyň we aktýorlyk ussatlygynyň dünýäsine ajaýyp syýahata çagyrýan ilkinji teatr jaňy ýaňlandy.

– Balkanabatda teatr binasynyň dabaraly açylyşy 2006-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda bolup geçdi – diýip, režisýor Öwezmämmet Galandarow ýatlaýar. – Şol wagt Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda döwlet teatrlary we Aşgabatdaky Alp Arslan adyndaky milli drama teatry-da açylyp ulanylmaga berlipdi. 

Tizden täze «sungat binasyny» zehinli ýaşlar – ýokary okuw jaýlaryny we teatr studiýalaryny tamamlan uçurymlar doldurdy.

Teatryň özboluşly çylşyrymlylygy bolup, onda döredijilik işgärlerinden başga-da butaforiýa, grim, tikin, yşyklandyryş we ses tehnikasy otaglary we, hatda agaç ussahanasy hem bar. Teatryň ýolbaşçylarynyň öňünde möhüm bir mesele – pikirdeşleriň jebis toparyny ýygnap, ilkinji oýny goýmak meselesi durýardy.

Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň ilkinji režisýorlaryň biri Öwezmämmet Galandarow «Kim bagtly?» oýnuny sahnalaşdyrmaga başlady. Şeýle hem «Asuda ummanyň sergin şemaly», «Oguz toýy», «Bagtyýarlyk döwrüniň goşa toýy», «Joşgunly Awaza», «Söýgim meniň – bagtym meniň», «Söýgi bizi halas eder», «Köňül telwasy» we ýene birnäçe täze teatr eserleriniň döwrüniň başlanandygyny görkezdi.

Häzirki wagtda teatryň sahnasynda uly döredijilik topary üstünlikli işleýär. Topar ýurdumyzyň ähli möhüm wakalaryna we çärelere işjeň gatnaşyp, türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegine mynasyp goşadyny goşýar.


16.02.2022

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 4-nji oýny geçirildi.

Bu gezek bäsleşik «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzugy boýunça guraldy.

Oňa gatnaşmaga hukuk gazanan ýokary synp okuwçylarynyň degişli mowzukdan bilimlerini artdyrmaga ýeterlik wagty bardy. Mekdep okuwçylarynyň köpugurly bilimlerini artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we wajyp taryhy wakalary beýan edýän beýleki kitaplary teklip edildi.

Gyzykly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnunyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa ýeňijiler diýip yglan edildi. Olar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandylar we onda I tapgyrda ýeňiş gazanan ähli 8 toparyň ýeňijileri bäsleşerler.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 5-nji oýny 2022-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler. Ol «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly mowzuga bagyşlanar.

Diplomatiýa ýokary mekdebiniň taslamasy Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň diplomat hünärine höwesjeň okuwçylary üçin guraldy we ýaşlary hünäre gönükdirmäge, şeýle hem ýaş zehinleri gözlemäge gönükdirilendir. Akyl-paýhas bäsleşigi «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.


16.02.2022

Türkmen zenanlarynyň çeper eliniň hünäri barada näçe aýtsaň hem az. Zenanlarymyzyň ähli döwürde öz öýüni bezän ajap halylarynyň şan-şöhraty dünýä doldy. Olar öz lybaslaryna aýratyn üns berýärler. Asyrlarboýy türkmen zenanlary lybaslaryny owadan keşdeler bilen keşdeläp, onuň milliligini has-da ösdüripdirler.

Zenany yssydan-sowukdan goraýan başatgyç halk amaly sungatynyň bir bölegidir. Zenanlarymyz ony kümüş şaý-sepler bilen bezelen börügiň üstünden atynypdyrlar.

Türkmenlerde zenanyň ýaşy soralmaýar. Dogrusy, onuň geregem ýok. Çünki onuň başatgyjyndan haýsy ýaş tapgyryndandygyny bilse bolýar. Sebäbi olar zenanyň ýaşyna görä bolýar. Gyzyl, ýaşyl, sary we ak başatgyçlar ýylyň dört paslyny aňladýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergisine baranymyzda biz zenanlarymyzyň başatgyçlarynyň inçe syrlary bilen tanyşdyk. Gyz durmuşa çykanda oňa gyzyl kürte atylýandygyny, kürtäniň «goçak», «tazy guýruk», «okgözi», «tegbent», «çaňňa», «para» keşdeler bilen bezelýändigini muzeýiň işgäri Enejan Altyýewa gürrüň gürrüň berdi. Gelin gyzyl kürtäni 40 gün göterýär.

Soňra gelin gyzyl kürtäni ýaşyl çyrpa çalyşýar we ony 40 ýaşaýança toý-baýramlarda atynýar. Ýaşyl reňk bahary, tebigatyň gülzarlygyny, daşky dünýäniň gözelligini aňladýar, bu hem zenanyň 40 ýaşyna çenli döwre gabat gelýär.

Oral aýal güýzi, miweleriň ýetişen döwrüni aňladýan, ýagny çagalaryny terbiýeläp, dogan-garyndaşlarynyň we goňşularynyň arasynda hormat-sarpa mynasyp bolan zenana kybap sary çyrpy atynýar.

60 ýaşdan geçen ene bolsa at-abraýyň, danalygyň nyşany bolan ak çyrpy atynýar.

Başatgyçlar elde dokalan keteniden tikilýär. Onuň amaly däl-de, bezeglik ähmiýeti bar. Günorta sebitiň zenanlarynda ýasama ýeň gabat gelýär. Olara salynýan keşdä ortaça birnäçe aý sarp edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Türkmenistanyň Prezindetiniň käbesi Ogulabat ejäniň baldyzy üçin tiken kürtesi peşgeş berildi.

Şeýle-de, ildeşlerimiz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilýän «Gyzyl kürte» çeper filminiň görkezilerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Sergide ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde ýaşaýan zenanlaryň kürteleriniň 30-dan gowragy görkezilýär. Halylar we Türkmenistanyň halk nakgaşlary Yzzat Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Şamuhammet Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», Gulnazar Bekmyradowyň «Nagyşlar» ýaly çeper elli zenanlarymyza bagyşlanan suratlary sergä bezeg berýär.