Habarlar
10.06.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilip geçilen Gurban baýramy welaýatymyzda hem il agzybirliginiň, hoşniýetliliginiň, ynsanperwerliginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Her bir ojakda giň gerim bilen garşylanyp, üç günläp toý-dabaralara beslenen bu baýramyň  şatlyk-şowhuny ýetik boldy. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk etdi. Çuň mazmuna beslenen baýramçylyk çäreleriniň geçýän ýerinde birkemsiz bezelen altyganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Toý tagamlaryndan dadan adamlar ýeneki ýyllarda Gurban baýramynyň il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda gelmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar Gurban baýramynyň dabarasyny has-da artdyrdy. Ýaşlar belent-belent bat alyp, hiňňildiklerde uçdular. Milli oýunlaryň dürli görnüşleri bilen gümra bolýan körpeleri synlamak has-da ýakymly boldy. Welaýatymyzyň sungat ussatlary özleriniň joşgunly aýdym-sazlary bilen toýa gelenlere ruhy lezzet paýladylar. Şirin aýdymlarda täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik tutumlary, Gurban baýramyň mukaddesligi, ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, halkymyzyň asudalygy, agzybirligi, dost-doganlyk wasp edildi. Halk döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary hem uly şowhun bilen garşylandy. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we sportuň dürli görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy.

Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, agzybirligi, ruhy päkligi, birek-birege sylag-hormaty alamatlandyrýan Gurban baýramyň dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem belent joşgunda, ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi.

10.06.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi hem-de Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe günläp dowam eden «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly sungat muşdaklarynda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan gelen, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tans we folklor sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdiler, olaryň gadymdan gelýän däplerini şöhlelendirdiler. Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda, şol sanda festiwala gatnaşyjylarda örän ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle buýsanç duýgulary festiwalyň çäklerinde aýratyn orun alan «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatda hem aýdyň ýüze çykdy. Ýeri gelende aýtsak, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdym we tans dessury halk döredijiligimiziň giň ýaýran, gadymy görnüşleriniň biridir. Baýramçylyklarymyzyň, maşgala dabaralarymyzyň bezegi bolan küştdepdi halkymyzyň kämil pikir-garaýyşlaryny, tämiz duýgularyny, ýokary ruhy galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri parahatçylykly durmuşa çagyrýar. Küştdepdiniň görnüşlerinden tomaşaçylara ýetirilen görkezme çykyşlaryna myhmanlaryň höwes bilen goşulyşmaklary munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

         Festiwalyň çäklerinde geçirilen döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, halk döredijilik, folklor-etnogarfik toparlarynyň çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezmekleri, «Rowaç» gämisinde açyk deňze gezelenjiň guralmagy halkara çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. 

Halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylyp, «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabarada oňa gatnaşyjy döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary arkaly garşylandy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birleşen folklor we tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen küştdepdi tansy şanly ýyla bezeg beren halkara festiwalyň jemleýji çykyşyna öwrülip, dünýä halklaryny dostlukly, hoşniýetli we parahatçylykly gatnaşyklara çagyryşyň mukamy bolup ýaňlandy.

05.06.2025

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylyşy ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan geçirilýän halkara festiwalyň milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» akwaparkynda guralan açylyş dabarasyna hökümet agzalary, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle-de ýurdumyzdan medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. Bezemen sahnada ýaýbaňlandyrylan dabarada ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy forumyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, bu halkara forum ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni köprüleri has-da pugtalandyrar. Dostlukly halklaryň tans we folklor sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam eder. Şeýle-de parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde festiwal uly ähmiýete eýe bolar.

Soňra ajaýyp sahnada bilelikdäki konsert ýaýbaňlandyryldy. Tomaşaçylar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen sungat wekilleriniň köpöwüşginli çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen garşyladylar. Milli aýdymlar ýerine ýetirilip, halkymyzyň gadymdan gelýän sungat däpleri şöhlelendirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzdan wekilçilik edýän medeniýet we sungat ussatlarynyň tomaşaçylara hödürlän täsirli çykyşlary türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda milli däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, özboluşly folklor we tans sungatyny asyrlardan-asyrlara geçirip, kämilleşdirip gelendigini ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Dabarada ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi hemmelerde uly ruhy joşgun döretdi.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan belent heňli mukamlaryň üsti bilen dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan, parahat, abadan durmuşa söýgini joşdurýan şeýle çäräniň geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýan «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly şunuň ýaly täsirli çäreleri bilen dowam edýär.

04.06.2025

Her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan, dünýäniň ähli halklaryny sagdynlyga, sport bilen meşgullanmaklyga çagyrýan bu senäniň şanyna welaýatymyzda geçirilen çäreler hem ilimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň abadançylygyny alamatlandyrdy.

         Halkara baýram mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabara sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany bolan eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere, şol sanda sporty ösdürmeklige, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimizde has-da rowaçlandyrmaklyga gönükdirilen işlere bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjynyň egsilmezdiginiň özboluşly güwäsine öwrüldi. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançada ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda hut şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Halkymyzy sagdyn, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzyň, türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýäde has-da belende götermekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdyr hoşallyk sözleriniň şol aýdym-sazlaryň içinden eriş-argaç bolup geçendigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Bu ýerde türgenleriň ýerine ýetiren görkezme çykyşlarynyň, sportda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän serginiň hem köpleriň ünsüni özünde jemländigini bellemek gerek.

         Bütindünýä welosiped gününiň esasy çäresi köpçülikleýin welosipedli ýöriş boldy. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler baýramçylyk güni ir säherden ýörişiň başlanýan ýerine — welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyna ýygnandylar. Hemmeleriň ýüzlerinde şatlyk, kalplarynda buýsanç alamatlary bar. Ine-de, dürli reňkli şarlaryň al-asmana uçurylmagy bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berilýär. Şäheriň lowurdap duran aýna ýaly tekiz şaýollarydyr köçeleri bilen ýola düşen welosipedçileriň ruhubelentligini, aýdylyşy ýaly, taryp etmäge söz gerek. Diýarymyzda welosiped sportunyň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň aýdyň güwäsine öwrülen ýörişiň geçýän ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyran pursatlary özünde jemledi.

         Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan medeni-sport çäreler, köpçülikleýin welosipedli ýörişler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde ýokary derejede geçirildi.

04.06.2025

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen bäsleşige bagşylaryň we sazandalaryň 20-si gatnaşdylar. 

Bagşy-sazandalar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezip, täze taryhy döwrümizde halypa-şägirtlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändiklerini äşgär etdiler. Toý öwüşginli sahna bezeg beren çykyşlar welaýatymyzda milli saz sungatymyzyň ösmegine, gadymy senedimiziň baýlaşmagyna goşant goşýan zehinleriň az däldigine göz ýetirmäge hem mümkinçilik berdi.

Türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmäge, giňden wagyz etmäge, halypa-şägirtlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga, şeýle-de täze ýaş zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen bäsleşikde bagşylaryň arasynda Balkanabat şäheriniň medeniýet merkeziniň bagşysy Serdar Režim, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Dawudow, sazandalaryň arasynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Ataýewa, harby bölümiň dirižýory Gaýgysyz Geldimämmedow ýeňiji bolup, bäsleşigiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýeňijilere hem-de bäsleşikde çykyş eden bagşy-sazandalara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

Türkmen halkynyň dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmegi, dünýä ýaýmagy, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmagy hem-de höweslendirmegi maksat edinen bu bäsleşik welaýatymyzda halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän zehinleriň kemala gelýändigini bütin aýdyňlygy bilen aýan etdi.