Habarlar
16.05.2025

Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärede şirin aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda ähli üstünliklerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň mizemez hukuk binýady bolan Esasy Kanunymyz hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimiziň, jebisligimiziň, ýetilýän belent sepgitlerimiziň nyşany bolup durýan mukaddes Baýdagymyz taryplandy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ene topragymyzyň gözelligini, täze taryhy eýýamyň döredijilik ylhamyny wasp edýän şeýle şirin aýdym-sazlar, täsirli sahnalardyr milli tanslar çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

         Ýurdumyzyň baky berkararlygynyň baş nyşanlarynyň hormatyna geçirilen baýramçylyk çäresi egsilmez şatlyk-şowhuna, täsirli pursatlara beslenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny netijeli zähmete besleýän agzybir halkymyzyň ruhubelentligini has-da belende göterdi.

12.05.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň Balkan atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky at çapyşyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çäräniň geçýän ýerindäki baýramçylyk ruhunda bezelen  ajaýyp meýdançada guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. 

Balkan atçylyk sport toplumynyň aýlawynda dürli aralyklara geçirilen ýaryşlara ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen gamyşgulak bedewler gatnaşdylar. Toplumyň üç müň orunlyk münberlerini dolduryp oturan janköýerler atlaryň her bir çapyşygyny şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Çapyksuwarlaryň erjelligi, atyň jylawyna başarjaň erk edişleri janköýerleriň berekellasy bilen mübäreklendi.

Ilkinji çapyşykda üçýaşar atlar 1400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Begli Şanyýazowyň hojalygyna degişli Şasenem diýen mele ata taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 45 sekuntda geçmegi başardy. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1400 metr aralygy öz içine aldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu çapyşykda 1 minut 45 sekunt netije görkezen Garaýel diýen gara at birinji bolup pellehana gelmegi başardy. Ol Abdymyrat Ýazmyradowyň hojalyk atydyr. Üçünji çapyşyk dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralyga geçirilip, onda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Göwenek atly gara aty öňdeligi eýelemegi başardy. Ol bellenen aralygy 1 minut 51 sekuntda geçdi. Dördünji çapyşyk dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Onda  Begli Şanyýazowyň Mähriban diýen aty pellehana 2 minut 14 sekuntda gelmegi başardy. Dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen bäşinji jemleýji çapyşyk  has-da çekeleşikli, dartgynly häsiýete eýe boldy. Onda  Seýitguly Tülegenowyň  Döwletli atly dor aty bellenen aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy.

           Çapyşyklarda öňe saýlanan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna welaýatymyzyň etrap we şäher häkimlikleriniň goýan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

07.04.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly ähmiýetli wakalarynyň hatarynda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreler birnäçe günläp dowam etdi. Dürli maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, welosipedli ýörişler biri-birine ulaşyp, olar ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny nobatdaky gezek aýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ajaýyp hakykata Bütindünýä saglyk gününde — 7-nji aprelde geçirilen giň gerimli çäreleriň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek boldy. Şol gün welaýatymyzyň çar künjegi baýramçylyk keşbine beslendi. Welaýat derejesindäki esasy çäreler bolsa Balkanabat şäherinde geçirilip, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, şeýle-de köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda ir säherden ýaňlanyp başlan aýdym-sazyň şirin owazy kalplary özboluşly ruhubelentlige besledi. Sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda eziz Watanymyza egsilmez söýgi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk  beýik işlerine çäksiz buýsanç, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, saglygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlaryna, welaýatymyzyň ussat türgenleriniň ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisine hem uly höwes bilen tomaşa edildi. 

Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresine — köpçülikleýin welosipedli ýörişe «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berildi. Welaýatymyzyň  edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň wekilleriniň, bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş sportuň bu görnüşini dünýäde wagyz etmekde hem-de ýaýbaňlandyrmakda aýratyn işjeňlik görkezýän ýurdumyzda onuň meşhurlygynyň barha artýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Ençeme kilometr uzaklyga guralan ýörişiň geçýän ugrunda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, sport maşklary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Umuman, ýokary ýokary ruhubelentlikde geçen köpçülikleýin welosipedli ýöriş sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp zamanamyzda tutuş jemgyýetimizi gurşap alandygynyň subutnamasy boldy. 

01.04.2025

Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra hema­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçiren dabaraly maslahaty ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Dört ýyl mundan ozal döredilen Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Howan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ türkmen sahawatlylygyndan, haýyr işlerden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar edildi. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglaryň sowgat berilmegi has-da buýsandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda ynsanperwer däp-dessurlarymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

Çagalara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlaryna öwrüldi. Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda terbiýelenýän çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Çagalaryň parahat Watanymyzy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk ertekilerinden janlandyran keşpleri dabara aýratyn bezeg berdi.

27.03.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 27-nji, 28-nji, 29-njy martynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasy özboluşly toý-baýrama beslendi. Sebäbi bu ýerde üç günläp ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary özleriniň bilelikdäki örän täsin, şatlyk-şowhun paýlaýan çykyşlaryny muşdaklaryna ýetirdiler. Çykyşlar her günde iki sapar guralandygyna garamazdan, olary görmäge höwesekler juda köp boldy. Dürli ýaşdaky bagtyýar raýatlaryň şowhunly el çarpyşmalary sirk akrobatlarynyň, žanglýorlarynyň, wäşileriň ajaýyp çykyşlarynyň tomaşaçylarda diýseň uly täsir galdyrandygynyň, olara ruhy lezzet paýlandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde şu ýylyň ýanwarynda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezen haýran galdyryjy çykyşlarynyň dowamynda bolsa şeýle şowhunly sesler juda belende göterildi. Bu şeýle bolmazça-da däldi, sebäbi toparyň agzalarynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, at üstündäki milli oýunlary diýseň täsindi, haýran galdyryjydy. Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk edýän ýigitlerdir gyzlaryň çalasynlygy, çakganlygy, çeýeligi, ugurtapyjylygy talap edýän çylşyrymly tilsimlerini synlan her bir tomaşaçy şeýle täsin pursatlaryň bedew bilen ynsanyň biri-birine haýran galdyryjy derejede içgin düşünmekleriniň netijesinde hasyl bolýandygyna has oňat göz ýetiren bolsa gerek. Munuň özi behişdi bedewleriniň düşbüdigini, syzgyrdygyny, duýgurdygyny, eýesine juda mähremdigini, wepalydygyny aýdyň görkezýär. Ezber ýigitlerdir gyzlaryň çapyp barýan bedewiň üstünde dik durmak, onuň aşagyndan geçmek, goşa atyň üstünde minara şekilini emele getirmek ýaly çykyşlaryny haýran galmak bilen synlan tomaşaçylar olary ýürekden alkyşladylar. Bu täsin çykyşlar türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän ýelden ýyndam bedewlerimize, atçylyk hem-de sirk sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyza, bu döwletli tutumlary üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

 Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň akrobatlarynyň, žanglýorlarynyň, wäşileriniň çykyşlary hem tomaşaçylarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Ynsan diline düşünýän maýmynjyklar, girdenek at bilen guralan oýunlar, halkaly çykyşlar, wäşileriň degişmeleri hemmeleriň, esasanam, çagalaryň hoşuna geldi. Maýmynjyklaryň, gidenek atyň her bir hereketi olaryň gülki seslerini al-asmana göterdi.