Habarlar
26.03.2025

Halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek wezipesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy täze desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler.                                          

         Umumy tutýan meýdany 4,5 gektardan ybarat bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynda welaýat häkimliginiň, suw üpjünçilik ulgamynyň, «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň hünärmenleri, desgany bina etmäge gatnaşan gurluşykçylar,  jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimize bu ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan buýsançly ösüşleriň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi. Desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara  hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

          Soňra dabara gatnaşanlar ýaşulularyň ak patasy bilen açylan täze desganyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Onuň bölümlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Wengriýa ýaly döwletlerden getirilen kämil enjamlar oturdylypdyr. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasyndan gözbaş alýar. Açyk görnüşli suw howdanynda  tebigy usulda durlanan suw  göteriji bekediň üsti bilen suw arassalaýjy desga gelýär. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy howuzlarda jemlenip, beketlere iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etjek desgada taýýarlanýan agyz suwuny geljekde umumy uzynlygy 156 kilometr bolan turbageçirijiler arkaly etrabyň çägindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulýan täze, döwrebap obanyň ýaşaýjylaryna hem ýetirmek göz öňünde tutulýar. 

24.03.2025

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada uludan tutulan baýramçylyk dabarasy welaýatyň medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.

Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran dabarasynda hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagyndan ruhlanan welaýatyň ýaşaýjylary çykyş edip,  Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak  ömür, il-ýurt bähbitli,  dünýä ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.

Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň  aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy beýan edildi. Tanymal bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary, tans toparlary çykyş edip, dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Ýaňlanan aýdym-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanjy öz beýanyny tapdy.

           Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde guralan sergilerde Milli bahar baýramyna degişli däp-dessurlar ussatlyk bilen janlandyryldy. Milli senetkärlik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler örän täsirli, ýatda galyjy boldy. Dürli oýunlara meşgullanýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri baýramçylyk çäresiniň şatlyk-şowhunyny has-da arşa göterdi.

          Ýaş suratkeşler ýazyň ajaýyp görnüşlerini öz eserlerinde şöhlelendirdiler. Giň meýdança görk berýän ak öýleriň hatary küren obany ýada saldy. Bu ýerde milli oýunlar, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary-da ýaýbaňlandyryldy.  

24.03.2025

Welaýatymyzyň çar künjeginde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaralar biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirilen dabaraly çäre hem şolaryň biri boldy.

Ýaşyl begrese beslenen ýaýladaky dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, gül görkli gelin-gyzlar, bagtyýar ýaşlar, körpeler baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine aýdym-sazyň belent owazynyň astynda geldiler. Ýörişe elleri Nowruzyň esasy tagamy bolan semenili zenanlaryň aýratyn görk berendigini bellemek gerek. Hatar gurap oturan ak öýleriň öňünde guralan zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň sergisini ýörişe gatnaşyjylar uly höwes bilen synladylar.

Soňra bu ýerde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandy. Folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly hem-de toý däp-dessurlary, yrym-ynançlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň döwrebap tanslarynda ajaýyp zamanamyz we onuň ösüşleri, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk işleriniň, Nowruzyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi.

         Baýramçylyk çäresi soňra «Ok atan» jülgesinde dowam edip, bu ýerde hem şatlyk-şowhun al-asmana göterildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan görkezen sahna oýunlary, folklor toparlarynyň milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýan çykyşlary, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar çärä gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Dabaralaryň dowamynda ýurdumyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwren Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri öwran-öwran aýdyldy.

22.03.2025

22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň, obalarynyň we şäherçeleriniň ýaşaýjylary ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdylar. Bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi. Welaýatymyzda bu sogaply işe bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki welaýat köpugurly söwda bazarynyň golaýyndaky giňişlikde guraldy. Ýaz ýagşyna durlanan ak säherde baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada guralan  dabarada çykyş edenler halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  tüýs ýürekden  alkyş  sözlerini aýtdylar.

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwrebap aýdym-sazlary, folklor hem-de tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, giňden döwre guralyp ýerine ýetirilen küştdepdi tansy bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Ilkinji bag nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, köp çagaly enelere hem-de ýaş çatynjalara ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da  belende göterdi.

          Zähmet baýramçylygynyň dowamynda gözel künjekde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl zolagy emele getirdi hem-de welaýat köpugurly söwda bazarynyň töwereginiň gözelligine gözellik goşdy. Welaýat merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik maksatly hem-de medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlaryň daş-töwereklerinde hem hakyky zähmet baýramçylygy möwç urdy. Çäräniň geçýän ýerlerinde milli oýunlar, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.       

Ählihalk bag ekmek dabaralarynda welaýatymyzda dürli bag nahallarynyň 36 müňe golaý düýbi oturdyldy, şolaryň 10 müň 723-si miweli baglaryň nahallarydyr. 

12.03.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatymyzda geçirilen döredijilik duşuşyklary ýokary ruhubelentlige beslendi.

«Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly şygar bilen Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň medeniýet öýünde, Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynda, Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde bolan döredijilik duşuşyklaryna «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow we ýerli ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Olar duz-çörek bilen we aýdym-sazyň belent owazy astynda garşylandylar. Guralan dürli sergiler duşuşyklara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulanýar. Ata Watanymyzyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär.

Döredijilik duşuşyklarynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şahyrlar ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň täze ýazan goşgularynyň üsti bilen wasp etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylmagy, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylan alkyşlar döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.