Çagalar üçin täze sahna oýny

Welaýat döwlet drama teatrynyň topary
ýakynda çagalar üçin täze döreden sahna oýnuny görkezdi. Ýaýlym Garaýewiň «Kejir kürre» atly eseri
esasynda teatryň ýokary derejeli artisti Arslan Hojagurbanowyň sahnalaşdyran
oýnunyň dowamynda döwrebap sazlaryň ýaňlanmagy beýan edilýän wakalary doly göz
öňüne getirmäge mümkinçilik berdi. Çagalary
ata Watany, ene topragy, zähmeti söýmeklige çagyrýan sahna eseri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan döwrebap işleriň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy bolup, ýaş tomaşaçylara
joşgun paýlady.
Artistler
Jennet Şadurdyýewanyň,
Juma
Abaýewiň, Berdi Berdiýewiň, Ogulşirin Nowruzowanyň,
Arzygül Arazmuhammedowanyň, Bäşim Ataýewiň
ýerine ýetiren keşpleri çagalarda
ýakymly täsirleri galdyrdy.