Habarlar

Täze önümhana

02.03.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda täze önümhanasy işläp başlady. Kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, onuň durky doly täzelendi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan kaolin önümhanasy döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.   

Mälim bolşy ýaly, kaolin magdany dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Onuň düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejikleri saklanýar. Täze kaolin önümhanasy üçin çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy we ony geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.

Kaolin ak sementi, elektrotehniki izolýatorlary, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini öndürmekde, farfor gap-gaçlaryň, kagyz, karton, rezin, boýag, şeýle hem arassaçylyk serişdeleriniň (sabynyň, diş pastasynyň, şampunlaryň) önümçiliginde, plastmassadan ýasalýan önümlere dolduryjy maddalar hökmünde giňden peýdalanylýar.