Döwrümiziň bezegi — bagtyýar eneler

Halkara zenanlar gününiň dabaraly çäreleri bir-birine
ulaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz
we şondan köp çagany dünýä inderen
hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de onuň nyşanynyň dabaraly ýagdaýda
gowşurylmagy çuň mazmunly baýramçylyk çäreleriniň
möhüm bölegine öwrüldi. Welaýat
häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna
beslendi. Onda giň gerim berlen gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän
zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa täze taryhy eýýamyň demokratik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Dabarada mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada döwlet
derejesinde edilýän aladalar üçin
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de dabaranyň barşynda «Ene mähri» diýen ada eýe bolan köp çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda
gowşuryldy. Welaýatymyzyň belli halk we
estrada aýdymçylarynyň, tans we
folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda
eneleriň mähremligi, gelin-gyzlaryň
gözelligi, wepadarlygy, bahar paslynyň owadanlygy wasp edildi.
Baýramçylyk şowhuny soňra köp çagaly enelere ähli amatlyklary
bolan täze
öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňünde tutulan dabara aýdym-saza beslenip, gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Şowhunly baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, köp çagaly maşgalalara öýleriň açarlary
gowşuryldy. Döwrebap öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylan öý eýeleri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.