Habarlar

Eýjejik gyzjagazlaryň bäsleşigi

16.03.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, ol şatlyk-şowhuna beslendi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, döwrebap bilim almaklaryny we olarda sungata bolan söýgi-buýsanjyň artmagyny, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan gyzjagazlar gatnaşdylar. Üç şertden ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar şirin owazly aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, bagtyýar çagalygyň, sportuň, dost-doganlygyň, ajaýyp bahar paslynyň waspyny ýetirdiler. Şahyrana sözlerde öz geýen milli egin-eşikleriniň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini, nepisligini taryp etdiler, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şatlyk-şowhunly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Zübeýda Hajyýewa birinji, Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Melek Garmämmedowa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.