Habarlar

Täze suw desgasy

22.03.2023

Gyzylarbat etrabynyň çäginde — Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde täze suw sazlaýjy-böwetleýji desga dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlip, ol welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.   

          Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylarydyr degişli hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ekerançylar, medeniýet we sungat ussatlary, ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen ak öýleriň öňünde giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan dünýä nusgalyk ösüşler, bagtyýar ýaşaýşymyz, dirilik çeşmesi bolan suwuň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.                                           

         Geçirijiligi sekuntda 68,2 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desganyň welaýatymyzyň Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen ekin meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmekde uly ähmiýeti bolar.

         Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty tarapyndan taýýarlanan taslamada amala aşyrylmaly ähli işler göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak» boýunça merkezi direksiýasynyň buýurmasy esasynda bu möhüm desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagy başardylar.

Täze desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar bu ýerde bag nahallaryny oturtdylar.