Toýlar toýa ulaşýar

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp
meýdançada tutulan dabara ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet, saglygy goraýyş
we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk
ýörişi bilen başlandy. Oňa gatnaşyjylar dabaranyň geçýän ýerinde aýdym-sazyň şowhuny
bilen mähirli garşylandy. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň,
welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň welaýat
bölüminiň bilelikde guran dabarasynda
baýramçylyk gutlaglary buýsançly ýaňlandy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli,
dünýä ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.
Baýramçylyk çäresinde
welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlarynyň edebi-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Olarda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi. Sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanç aýdyň beýanyny tapdy. Giňden ýazylan baýramçylyk saçagyny dürli
tagamlar, naz-nygmatlar bezedi. Nowruz tagamlary baýramçylyga gatnaşýan adamlara hödür-kerem edildi. Amaly-haşam
sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we
ýaş suratkeşleriň ajaýyp döwrümiziň
buýsançly ösüşlerini aýdyň görkezýän
suratlarynyň sergilerine-de uly orun
berildi. Milli senetçilik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň
beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler
köpleriň nazarynda boldy. Bu ýerde zenanlaryň el hünärini
mahabatlandyrýan, milli medeni mirasymyzy şöhlelendirýän
ümeçilik dessury döwrebap derejede açylyp görkezildi. Biri-birine utgaşan
çykyşlarda şahandaz ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny gazallaryň, küştdepdileriň
üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Sapaly
durmuşymyzyň, türkmen tebigatynyň, ajaýyp
döwrümiziň, daýhan zähmetiniň
tarypyny ýetirýän hoş owazly aýdymlar çar tarapa ýaň saldy.
Balkanabat şäherinde we
welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Milli bahar
baýramynyň iki günläp dowam eden toý çäreleri gadymy baýramçylygyň kämil däpleriniň ajaýyp zamanamyzda
dowamat-dowamdygyny görkezdi.