Milli bahar baýramynyň joşguny

Milli bahar baýramynyň — Halkara
Nowruz gününiň çuň mazmunly dabaralary welaýatymyzda ýokary guramaçylyga
beslendi. Geçen ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen we Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan Magtymguly etrabynyň gözel künjeklerinde biri-birine ulaşan
baýramçylyk dabaralary muny aýdyň
görkezdi.
Beýik söz ussadynyň adyny uly hormat bilen göterýän etrabyň ýaşyl begres geýnen, Akderek diýlip atlandyrylýan ýaýlasynda welaýat derejesinde guralan dabara baýramçylyk ýörişinden başlandy. Ýörişe gatnaşýan dürli ýaşdaky adamlar, elleri bugdaý maýsaly zenanlar, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat ussatlary, şeýle-de köp sanly myhmanlar aýdym-sazlaryň şowhuny astynda toý dabarasynyň geçýän ýerine
geldiler. Bu
ýerde olar duz-çörek, göwün göteriji, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy bilen garşylandy.
Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýeri hakyky türkmen obasyny ýadyňa salýar. Aga-ýana otlap ýören dowar sürüleri, olary örän sak goraýan
türkmen alabaýlary, owlak-guzularyň
naşyja sesleri, gündelik durmuş
aladalaryna ulaşan zähmetkeş adamlar — bularyň ählisi türkmen obasynyň özboluşly keşbini janlandyryp, synlanlarda durmuşa söýgini has-da joşdurdy. Giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar
dabaranyň möhüm bölegine öwrüldi.
Soňra dabara sebite mahsus täsin miweli baglary, dürli görnüşli ösümlikleri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Nowruz
baýramyny toýlamakda gadymdan gelýän hem-de kämilligiň belentliklerine göterilýän özboluşly toý dessurlary berjaý edildi. Giňden ýazylan bereketli toý saçagyny türkmen toýlaryna mahsus naz-nygmatlar hem-de Nowruz tagamlary
bezedi. Bu ýerde guralan sergilerde
ýerleşdirilen, irki döwürlerde daýhanlaryň
ulanan zähmet gurallary, gap-gaçlaryň dürli görnüşleri ekerançylygyň taryhyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berdi.
Belentden ýaňlanan aýdym-sazlara, joşgunly tanslara, halk döredijiliginiň
köp öwüşginli çykyşlaryna beslenen
Milli bahar baýramynyň dabarasy uzak wagtlap dowam edip, welaýatymyzyň bagtyýar
ilatynyň milli ruhy ýörelgelerimize, ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza hemişe
ygrarly bolmak bilen, täze taryhy eýýamda
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ýörelgeleri has-da baýlaşdyrýandygyny ýene bir ýola tassyklady.