Möhüm möwsüme badalga berildi

Gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda Arkadagly Serdarymyzyň geçirýän
giň gerimli özgertmeleriniň oňyn netijeleri baradaky çykyşlar uly orun eýeledi.
Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şol özgertmeleri
ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleriň berk binýady
bolup durýar. Ýeriň hakyky eýesini tapmak, ýer, suw serişdelerini rejeli
peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň
ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjünçiligini
has-da gowulandyryp, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak şeýle özgertmelerde esasy
orunda goýulýar. Agrosenagat toplumyna sanly elektron ulgamyny hem-de bazar
gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmak, pudakda hususyýetçileriň eýeleýän ornuny
yzygiderli artdyrmak hem hemişe üns merkezinde saklanýar.
Maslahatda şular dogrusynda gürrüň edilip, ekiş işlerini
öz wagtynda ýokary hilli geçirmek barada durlup geçildi. Ýer eýeleriniň
öndürijilikli işlemekleri, halal zähmetiň hözirini görmekleri barada edýän
aladalary, gowaça ekişine girişmäge beren ak patasy üçin Arkadagly Serdarymyzyň
adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Maslahatyň dowamy Gyzylarbat etrabynyň çägindäki «Batly
mülkdar» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda gowaça ekişine badalga
bermek dabarasyna utgaşdy. Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň, suwaryş
enjamlarynyň, türkmeniň alty ganat ak öýleriniň owadan hatarlary, taryhy
gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri, hatara düzülen
toý gazanlary dabaranyň geçýän ýerini baýramçylyk ruhuna besledi. Hormatly
Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, il sylagly ýaşulularyň ýagşy
arzuw-dilegleri bilen gowaçanyň ilkinji tohumlary bereketli topraga sepildi. Onuň
yzysüre ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar
gowaça ekişine köpçülikleýin girişdiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly
traktorlara tirkeljek ekijileriň 35-si bökdençsiz işlediler. Ýeri gelende
aýtsak, balkanly daýhanlar 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, «ak altynyň» 16
müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler.
Sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň köpugurly
ösüşlerini, bagtyýar durmuşymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik
tutumlaryny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, ene toprakdan bereket
öndürýän daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini taryplaýan şirin aýdym-sazlary,
ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli tanslary, halk döredijiliginden taýýarlan
çykyşlary dowamly ýaňlanýan el çarpyşmalar bilen garşylandy.