Baş baýlygyň baýramy

Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň welaýatymyzda hem uly
dabaralar bilen bellenilip geçildi. Halkara baýram mynasybetli
Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli
ýörişleri baýramçylygyň esasy wakalary hökmünde görkezmek bolar. Welaýat
derejesindäki dabaraly çäreler bolsa welaýat merkezinde geçirilip, «Türkmeniň
ak öýi» binasynyň ýanynda ir säherde badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda Arkadagly
Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini we oňa bagtyýar
raýatlarymyzyň yhlas bilen eýerýändiklerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
«Türkmeniň
ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli dowam eden
welosipedli ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar,
türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda welosiped sportunyň
ösmegine hemişe uly üns berilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy gündelik durmuş
endiklerine öwren raýatlarymyzyň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna
öwrülen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda welaýatymyzyň medeniýet
we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň guralmagy çäräniň şatlyk-şowhunyny
has-da artdyrdy.
Halkara
baýram mynasybetli Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki
meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara sporty ösdürmegiň, köpçülikleýin
bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmagyň döwlet syýasatynda
esasy ugurlaryň birini eýeleýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu ýerde bahar
paslynyň hoştap howaly ajaýyp gününde joşgunly tanslar bilen sazlaşyklylykda ýerine
ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň,
sagdyn durmuşyň, sportuň waspy belentden-belent ýaňlandy. Türgenleriň
ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary bolsa sportuň dürli görnüşleri boýunça
kämilleşýän ýaşlaryň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.