Borçnamalar abraý bilen ýerine ýetirildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak
ministrliginiň welaýatymyzdaky «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr»
maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda 58 müň 130 ene goýundan 53 müň owlak-guzy we 3 müň 120 düýeden 744 köşek
almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Maldarlaryň gazanan zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk
pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny
höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňyn netijelerini berýändiginiň aýdyň
subutnamasydyr.
Gazanylan üstünlikde Gyzylarbat
etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlarynyň mynasyp goşantlary
bar. Hojalygyň
maldarlary şu ýyl dowarlardan 14 müň 635 owlak-guzy we düýelerden 495 köşek
aldylar. Olar şu günler gazanan zähmet üstünliklerini berkitmek bilen birlikde,
mallary ot-çöpi ýetik bolan öri meýdanlarynda bakýarlar. Jogapkärli möwsümde
alnan ýaş mallaryň ählisi össürime goýberildi — diýip, «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň
ýolbaşçysy Hemra Seýitjanow gürrüň berdi.
Welaýatymyzyň maldarlary şu günler mallary Garagum
sährasynyň jümmüşindäki we Köpetdagyň gerişleriniň, Uly hem-de Kiçi Balkan
daglarynyň eteklerindäki amatly örülerde talabalaýyk bakýarlar.
Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleri
yzygiderli artdyrmaga berýän taýsyz hemaýat-goldawlary üçin maldarlar hormatly
Prezidentimize alkyş aýdýarlar.