Habarlar

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

10.04.2023

Saz sungatyna höwesli has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde 2023-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zehinleri» atly bäsleşik geçirdiler.

Bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň we etraplaryň, şäherleriň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary bagşy, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary hünärleri boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik ýaşlaryň has zehinlilerini saýlady. Onda ýeňiji bolanlara welaýat medeniýet müdirliginiň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.